5 ýaşa çenli çenden aşa hereketli çagalar bilen nähili oýunlar oýnamaly?

Käbir ýagdaýlarda ene atalaryň kopüsi aktiw we çenden aşa hereketli çagalar bilen baş edip bilenoklar we çagalary hakynda ýygy-ýygydan şikaýat edýärler. Ýagny olaryň dyngysyz energiýalary bilen näme etmeli diýip kän soraglar bolýar. Käbir halatlarda bolsa bular ýaly ýagdaýlar maşgalalarda goh-galmagala hem sebäp bolup biler. Aslynda bolsa çaganyň köp energiýasynyň bolmagy dürli sebäplere bagly bolup biler. Meselem çaganyň iýip içýän zatlary, ýada biologiki we fizýalogiki taýdan geçiren keselleri bar bolsa şolar hem sebäp bolup bilýär. Emma welin biz psihologiki tarapyndan seredenimizde bolsa çaga haçanda özune köp üns berilmedik ýagdaýynda we ene-atasynyň ünsüni özüne çekmek isläninde huşsuzja aktiw hala geçip bilýär we ähli ünsi üstüne çekmek üçin elinden gelenini edýar.

Beýle çagalarda köplenç atanyň ünsi az bolanlygyny ylmy işleriň netijesi görkezýär. Belki-de ene-atalar biz ýeterlik üns berýäris diýip bilerler. Ýöne welin käbir çagalara şol ýeterlik bolman biler. Sebäbi çagalara nähili möçberde üns berilende ýeterlik bolýandygy bu ýenede maşgala bagly bolup durýar. Ýagny maşgaladaky her bir waka, her bir hadysa we maşgala agzalary arasyndaky sözli (gürleşme) gatnaşyklaryň ählisi çagalara täsir edýär. Umuman çagalar dogulma tertibine görä energetiki we psihologiki taýdan üýtgeşik bolup bilýärler. Ýagny birinji çaga basgaça ikinji çaga başga hili bolýar. Şol sebäpli çagalaryn aktiw bolmagy bir maşgalada önüp össede başga hili bolup biler.
Bular ýaly ýagdaýlarda bolsa ene atalaryň az hem bolsa çaga psihologýasyna düşünmekleri möhümdir.

Esasan aktiw çagalaryň energiýasyny nädip kadalaşdyryp bileris?

  • Birinjiden çaganyň näme isleýändigini bilmek möhümdir we şoňa görä oýunlar bilen meşgullandyrmaklyk maslahat berilýär.
  • Ikinjiden bolsa beýle çagalar bilen hökmany suratda günüň dowanynda iň azyndan 45 minut bökmek, tans etmek we ylgamak ýaly oýunlar oýnalmalydyr. Haçanda çaga daşaryk oýynamaga çykmaýyan ýada belli bir sport- sungat çarelerine gatnaşmaýan bolsa onda çagalaryňyz üçin öýüň bir çüňkünden hökmany suratda bökme ýada hereketli maşklary ýerine ýetirmek üçin ýer aýyryň we her gün şol ýerde bilelikde oýnamaga çalyşyň. Bu şekilde çaga üns berýanliginizi mälim edersiniz we çaga bu ýagdaýy huşsuzja özüne kabul edip soňa baka hereketleri kadalaşmaga başlar. Ýogsam çaga içindäki energiýasyny sarp edip bilmedik ýagdaýynda eýýam gygyrmak, gohlamak we döwüp-dökmek ýaly herhili ýagdaýlar döretmäge başlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s