“Oglum, hergiz ýalan sözleme!”

Abdulkadyr Geýlany kiçi ýaşdan ylym öwrenip başlapdyr. Dokuz ýaşynda enesinden rugsat alyp, Bagdada ylym öwrenmäge gitmegi ýüregine düwüpdir. Ýola çykjak pursaty ejesi oglunyň guşagyna 40 altyn dolap, oňa şeýle sargapdyr:

 “Oglum! Nähili ýagdaýa duçar bolsaň-da, hergiz ýalan sözleme.”

Geýlanynyň baryp goşulan agyr kerweni Bagdada tarap ýola düşüpdir. Kerwen bir güzeriň ýanyndan  geçeninde, öňüni atly galtamanlar kesipdir. Galtamanlar kerwenden özlerine gerek zatlaryň ählisini talapdyrlar. Kerwendäkileriň ählisiniň jübülerini barlaşdyryp, bar pullaryny alypdyrlar. Gitjek mahallary aralaryndan biri şübhelenip ondan:

– Seniň nämäň bar?- diýip sorapdyr.  Ol ikrjiňlenmän:

– Bilimde kyrk altyn bar- diýip jogap beripdir. Galtamanlar ony çaga görüp, asyl onuň üstüni barlaman ekenler. Ýaşajyk Geýlany şeýle diýensoň, galtamanlaryň baştutany:

– Oglum biziň seni barlamak niýetimizem ýokdy. Sen näme üçin mende altyn bar diýip, başyňy derde goýduň – diýeninde, Hezreti Geýlany oňa şeýle jogap beripdir:

– Men kyrk teňňe üçin “ýalan sözlemerin” diýip beren sözümden dänmen.

Dokuz ýaşly oglanjykdan şeýle sözleri eşiden galtamanbaşynyň ýüregi ýumşap başlapdyr. Baştutan oýa batypdyr. Ol bir öz dünýäsi bir hem oglanjygyň päk dünýäsi barada pikir edip:

– Gardaşlar! Men şu pursatdan soň, şu wagta çenli eden ähli günälerim üçin puşman bolup, toba edýärin. Mundan soň hiç haçan erbet iş etmejegime söz berýärin. Eger siz bu ýaman pişä dowam etmäk isleýän bolsaňyz, özüňize başga baştutan gözläň – diýipdir we alnan zatlaryň ählisini yzyna gaýtarmagy buýrupdyr. Baştutanlaryny diňläp duran beýleki galtamanlar:

– Biz bu işe seniň bilen başladyk, seniň bilen hem tamamlarys. Eger sen bu işi taşlajak bolsaň, biziň hem taşladygymyz bolsun – diýip, olar hem toba gelipdir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s