Bulary bilýärsiňizmi?..

Kyrk bäş ýaşynda bu dünýä bilen hoşlaşandygyna garamazdan, Newewiniň soňraky nesillere örän kän eser miras galdyrandygyny… Onuň eser ýazmaga, öwrenmäge we öwretmäge has köp wagt artdyrmak üçin gije-gündiziň dowamynda diňe säher wagtlary bir gezek iýip-içmegi endik edinendigini…

***

Eş-Şeýh Fahreddiniň: “Naharlanmaly sagadym ylym bilen meşgul bolmakdan üzňe galýanlygym üçin örän gynanýaryn. Çünki wagt örän gymmatlydyr” diýip, naharda ýitiren wagtyna gynanandygyny…

***

Jahyzyň kitap satyn alara puly bolmandygy üçin kitap dükanlaryny gijelerine kireýine sorap, daňdana çenli dürli ugurlara degişli kitaplary okandygyny…

***

Andaluziýaly alym Ibn Rüşdüň gaty kän kitap okandygyny… Okap-ýazmagy düýpli öwrenenden soň onuň diňe iki gijesini – öýlenen gijesini hemem kakasynyň aradan çykan gijesini kitap okaman geçirendigini…

***

Fahreddin er-Razynyň öýünden medresä barýança ulagyň üstünde üç ýüz okuwça ders berendigini… Razy üçin wagtyň örän sarpaly bolandygyny we wagtynyň aglaba bölegini kitap okamaga sarp edendigini…

***

Beýik alym Ibn-i Teýmiýäniň (1263-1328) kitap okamaga başlamazdan öňürti biline ýetýän uzyn, örülgi saçlaryny diwardaky bir çüýe mäkäm baglandygyny…

Haçan-da ukysy gelip, başy öňe tarap eglip başlanda, çüýe daňylgy saçynyň yzasyna ukudan açylandygyny…

Bu ylym aşygynyň şeýle irginsiz zähmetiniň netijesinde, dünýeden öten wagty yzynda müňlerçe sahypalyk ajaýyp eser galdyrandygyny…

***

Syýahatçy Ibn Battudanyň ýazmagyna görä, 1258-nji ýylda mongollaryň Bagdatda 24 müň alymy öldürendigini…

Şäherdäki kitaphanalardaky ýüz müňlerçe kitaby çykaryp, Tigr derýasyna oklandyklaryny we kitaplaryň köplüginden ýana, derýanyň akymynyň ugrunda bir bent emele gelendigini…

Munuň, derýanyň daşmagyna sebäp bolaýmagyndan gorkan mongollaryň kitaplary suwa oklamagy bes edip, galan bölegini oda berendiklerini…

***

Ibnül Jewziniň: “Men ynsanlaryň köpüsiniň örän ýönekeý, bolgusyz işler bilen meşgullanmak arkaly wagtlaryny öldürýändiklerini gördüm. Bu kişileri, girdaba tarap barýan gäminiň içinde, özlerine garaşýan howpdan bihabar ýagdaýda oturyp, söhbet edýän ýolagçylara meňzedýän. Ömrüň geçen pasyllaryna bir nazar aýlaň! Pursat elden gitmänkä, ondan peýdalanjak boluň. Wagty sarpaly ulanmak meselesinde bir-biriňiz bilen ýaryşyň” diýendigini…

Ibnül Jewziniň;

– Bilimiň ähli ugurlaryna degişli eserler ýazandygyny,

– Käbiri ýigrimi jiltden (tomdan) ybarat bolan 340-dan gowrak eser döredendigini,

– Günde dört depder doldurandygyny,

– Bir ýylda ýazanlarynyň 50-60 jilte barabar bolandygyny …  bilýärsiňizmi?..

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s