Kitap aşygyndan setirler

Bir kitap aşygynyň bu mow­zuk bilen baglanyşykly ajaýyp setirlerini geliň bile okalyň:

“Kitap okamak bilen kitaba eýe bolmak ýa-da kitap satyn almak arasynda düýpli tapawut bar: Elbetde, kitaby soňky sa­hy­pasyna çenli okap gutarmak, okap, düşünip, ondaky pikirleri we wakalary derňäp, sapak almak her kişiniň işi däl. Ýöne şeýle-de bolsa, men ynsanlarda kitap söý­gü­sini, kitaba bolan mähirli garaý­şy oýarmak arkaly oňyn netijeler gazanmagyň mümkindigine ynanýaryn. Meselem, kitap bilen ýaşamagy nysak (moda) edinip bileris. Otaglarymyzyň içki bezeginde kitabyň, kitap tekjesiniň bolmagyny hökmany şert hasaplap bileris. Dogrusy, indi öňkülerim ýaly witrinalaryny, tekjelerini santimetrläp ölçäp, şoňa deň gelýän kitap alýan­lary tankyt etmeýärin. Her nähili hem bolsa, kitap bilen ýaşamagyň, ak sahypa­laryň ýüzüne gara syýa bilen ýazylan şol gudratly gymmat­lyk bilen bile bolmagyň gözelligine ynanýaryn. Kitap satylsyn we çaphanalar, ýazy­jylar girdeji edinsin diýip däl, kitabyň bilimi, aň-düşünjäni giň köpçülige ýetirmek we ýaýrat­mak üçin iň arzan, iň amatly serişdedigini göz öňünde tutup, şeýle bolma­gyny isleýärin.

 Hiç kitap okama­ýan biri, iň bolmanda kitapha­na­synyň tekjelerinden kitap sahaplaryny synlasyn ýa-da eline alyp, syýanyň ysyny alyp dursun diýýärin. Öý bikesi kitaplaryň tozanyny süpürýärkä onuň mundan lezzet almagyny isleýärin. Bu lezzeti näçe giň ýaýradyp bilsek, bir gün kim-de bolsa biri gelip ol kitaplary okar we bu arzuwyny edýän gözelligimiziň başlangyjy bolar.

Kitap bilen şeýle ýakyn­lygy ýola goýup bilen wagty­myz, kitaplar baýram eder we ruhy dünýämize – köňül dün­ýämize ýagtylyk bolup dolar. Şol dem tümlükler paty-putu­syny ýyg­nap, biziň dünýä­mizden göçmeli bolar; içimizdäki erbet duýgular päk duýgula­rymyza boýun eger… Kitabyň çagyryşy ýaň­lanar we wagt ynsan ömrü­ni gemir­ýän gural bolmakdan çykar, ynsany ebedi bagtyýar­lygyň gapysyna eltýän ajap ýola öwrüler…”

Kitapdan üzňe jemgyýet pikirsiz jemgyýetdir. Pikirsiz jemgyýet bolsa, sözüň hakyky manysynda jemgyýet bolman, başly-barat umu­my­lykdyr. Maksatsyz, dertsiz, aladasyz we hemişe başgalaryň maksadyna hyzmat edýän umumylyk…

Biz beýle jemgyýet bolmaly däl­diris. Çünki medeniýetimiz bizi kitaba çagyrýar, bize “Oka!” diýýär, Aňyny ýitiren jemgyýet bolmak islemeýän bolsak, kitabyň ýagtylygyny, parlaklygyny we ýylysyny süňňümize siňdir­megimiz zerur.

turned on floor lamp near sofa

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s