Dost gazanmagyň usullary

Dostlaryňyzy, ýakynlaryňyzy, hatda hiç kimi tankyt etmäň

Özgeleri aýyplamagyň, tankyt etmegiň ýerine olara düşünmäge çalyşmak has peýdalydyr. Adamlaryň arasyndaky sarsmaz söýgi, dostluk, doganlyk birek-biregi tankyt etmek bilen däl, düşünişmek we sylaşyk arkaly berkeýändir.

Adamlary siziň üçin derwaýys kişilerdigini ýatladyň

Başgalar tarapyndan ýagşy söz eşitmek, sarpa goýulýandygyny duýmak adamy bir gez beýgeldýär.

Adamlara ýylgyryp bakyň. Ýüzüňizi turşatmaň

Pygamberimiziň ündew we hereketleriniň köpüsünden dost gazanmagynyň tejribelerini öwrense bolar. Hemişe güler ýüzi we mähir-mylakaty bilen köňüllere giren Nebiniň ymmatydygymyzy unutmalyň!

Jomart boluň

Jomartlyk we sahylyk iň möhüm sypatlaryňyzdan biri bolsun. Bu sizi garyp galdyrmaz.

Taňry salamyny gysganmaň

Salam berip giren ýeriňizde we märekede size bolan erbet garaýyşlar birden üýtgär we kalplara ýumşaklyk aralaşar.

Açykgöwünli boluň

Iki ýüzli bolmaň we pikirleriňizi pert-pert aýtmagy başaryň.

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s