Ene ýüregi

Eje jan!

Seni wasp edere, adyň öňüne gelişjek, “sypat” tapyp bilmedim. Ähli owadan sözleri ulansam-da seni taryp etmäge ýetmejekdigini bilýän. Sen meniň ejemsiň. Dup-dury imanyň, mylaýym duýgularyň bilen meni ösdürip-ulaldan — tohumlykdan daragtlyga ýetiren topragym sen. Durmuş agajym seniň ýyly goýnuňda boý aldy, doga-dilegli demiň we gaýgy-hasratly göz ýaşlaryň bilen kämilleşdi. Durmuşyň kötelli ýollaryny we howp-hatarly uçurymlaryny seniň doga-dilegleriň beren ganaty bilen geçip bildim.

Göz ýaşlaryň daň çagy gül pyntyklaryna düşen çyglara çalymdaş. Olar säheriň iň asuda pursatynda, hemmeleriň ýatan mahaly, dilege göterilen ýumşak aýalaryňa damýar. Tümlüklerim senin dilegleriň bilen ýagtylýar. Goý, ýollarymyň batgalygy, kirlerim, günälerim, goýberen ýalňyşlyklarym hem seniň dilegleriň bilen tämizlensin! Sen ruhy dünýämde çalaja gowşama bolaýsa, kalbyma gussa aralaşaýsa muny alyslardan syzýarsyň. Sebäbi seniň köňlüň hakyky muhabbetiň aýnasy.

Eje jan!

Seni nähili küýsänimi, mähir-söýgüňe nä derejede mätäçligimi bir bilsediň! Wah, çagalygym! Aýalarymyň arasyndan suw mysaly akyp giden çagalygym diýsene… Müňlerçe ýitgilerimiň içinde iň gymmatlysy, ýitip giden çagalygym…

Sen, ejem jan! Iýmän iýdiren, geýmän geýdiren, meniň üçin saçyny sübse eden anbar ysly, gaýgy-hasratly ejem jan!..

Käte çagalygymy we seni ýatlaýaryn. Şeýle pursatlarda üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärin. Hem-ä täzelenýärin, hem-de adam bolmagyň kynçylygy sebäpli bükülýärin. Sen ýanymdakaň nähili hezildi. Gaýgy-gussasyz, ünjüsiz… Sen hem, çagalygym hem nähili alyslarda galdyňyz?!

woman carrying baby on bridge

Ýyllar geçip, men ulaldym, boý-syratym üýtgedi, hüý-häsiýetim özgerdi. Emma şu geçen wagtyň içinde üýtgemedik bir hakykat bardy. Ol hem çaga wagtym hem, ýigit çykanymda hem her oýananymda sen bireýýämden oýadyň. Gün hemişe sen oýananyňdan soň dogardy. Allaha doga-dileg edip, täze güne: “Hoş geldiň!” diýerdiň. Ak ertirlere açar bolýan dilegleriň gutarandan soň Aýak uçlaryňa emaý bilen basyp, meniň başujyma gelerdiň. Meni oýarmazlyk üçin gapyny-da ýapmazdyň. “Bagtyň gündizler deýin açyk, imanyň çeşmeler kimin dury bolsun, ylym we pespällik başyňa täç, edep we haýa ömrüňe derman bolsun!” diýip dileg ederdiň. Soňra ýaňaklarymdan öperdiň.

Eje jan!

Sen gülýän çagyň ýüzüňdäki ähli gasynlar ýylgyrardy. Sen mähir we muhabbetiň bilen durmuşyňa hiç hili galplygyň girmegine ýol bermezdiň.

Hiç hili mekdep-medresede okamandyň, ýöne her aýdan zadyň, her çak eden zadyň çyn bolup çykýardy. Beýik Ýaradanyň saňa beren bu syzyş güýjüne haýran galardym. Seniň kiçijek dünýäň merkezinde öýüň, namazlygyň we tesbiň bardy. Men şol dünýäde ne çöregiň ne-de söýginiň egsilenini görmedim.

Sabry guşak kimin biline dolan jepakeş ejem meniň! Seniň hüwdüdir ertekileriň bilen kemala geldik. Şatlyk we gaýgylaryň bilelikde ýaşalýan bu harasatly, gowgaly dünýä durmuşyna seniň ýolbeletligiňde taýýarlandyk, muňa indi has gowy düşünýärin. Seniň ruhumy gurşap alýan sesiňi nähili küýsänimi bir bilsediň, ejem jan! Häzir ýanymda bolup, buza bürenen durmuşymy mylaýym bakyşlaryň we dilegleriň bilen eretsediň! Dyknyşykdan, kem garaýyşlardan şeýle bir ynjadym welin!…

“Ene ýüregi” Beýik Ýaradanyň saňa sowgadydyr, eje!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s