Mähribanlaryma hat

Mähriban ejem we gadyrdan kakam!
Içimdäki ähli duýgularymy, diýesim gelýän zatlarymy dilime getirip bilsedim, size şu zatlary aýdardym:
Men gün-günden ösüp-ulalyp barýaryn. Synam we içki dünýäm dowamly üýtgeşiklere sezewar bolýar. Siziň perzendiňiz bolsamam, siziňkä meňzemeýän häsiýetlerim bar.
Sizden haýyşym, meni içgin özleşdirmäge, mende bolup geçýän ütgeşmelere göz ýetirmäge çalşyň! Men durmuşyň, daş-töweregimdäki her bir zadyň nämedigini barlap görmek bilen aň edýärin. Meniň yzyma düşüp, her bir hereketime goşulyp ýörmekden ýadamagyňyz mümkin. Haýsy oýny oýnajagym, kimi dost tutunjagym ýa-da öý işlerimi edişim babatda azda-kände maňa erk beriň. Meni hemme zatdan gorajak bolup ýörmäň. Edýän zatlarymyň soňunyň näme bilen gutarýandygyny öz gözüm bilen görmegim gerek. Şeýtsem, nämäniň nämedigini hasam çalt öwrenerin.

Goýuň, öz işimi özüm edeýin. Ýogsam, ulalandygyma nädip göz ýetireýin?!
Hernäçe tizden-tiz ulalmagy arzuw edýänem bolsam, käwagt çaga mahsus hereketler edýändirin. Muňa kän üns bermäň. Şol wagtyň özünde läliksiredip, başyma-da goýbermäň. Ýogsam, hemişe şo-ol çagalygyma galasym geler. Islän her bir zadymy alyp bilmejegimi bilýän. Emma siz alyp bereniňizden soň, men nädeýin, «gerek däl» diýmeýärin. Käwagt başyňyzdan sowmak üçin «seniň üçin ony etjek, muny alyp berjek» diýip söz berýäňiz. Beýtmäň. Sebäbi birden sözüňizde durup bilmeseňiz, size bolan ynamym azalar.
Meni berk tutuň, başyma goýbermäň. Ýalňyş hereket edäýsem, dessine düzediň. Goýan düzgünleriňiziň, gadagan eden zatlaryňyzyň hemmesini halap baramok. Emma hiç hili çäk goýulmasa-da, nähili hereket etmelidigimi bilmerin. Işiňiz köp bolup, meni ünsden düşüren wagtlaryňyz, menden öňki bolşuma garaşmaň! Okuw sapaklaryma ýetişigim peseler. Şeýle amatly pursatlary sypdyrmaýan gylygym bar.
Berýän öwütleriňizden beter, özüňizi alyp barşyňyzdan täsirlenýändigimi unutmaň! Meni gowy terbiýelejek diýip, käwagt ýalňyşlyk goýberip bilersiňiz. Onuň ýaly pursatlary men derrew unudýaryn, emma siziň biri-biriňize bolan söýgiňiziň, hormatyňyzyň azalandygyny görsem welin, maňa erbet täsir edýär, meni alada goýýar.
Meniň üstüme gygyrmaň! Gygyryp aýdylan zatlara kän bir üns bermeýärin. Maňa mylaýymlyk bilen kesgitli aýdylan sözler has gowy täsir edýär. Emma siziň «Men sen ýalykam…» diýip başlaýan gürrüňleriňiz bu gulagymdan girip, o gulagymdan çykyp gidýär.
Atdanlykda eden kiçijik ýalňyşlarymy agyr jenaýat eden ýaly ýüzüme urmaň! Menem ýalňyşyp bilerin ahyry. Meni gorkuzyp diýeniňizi etdirjek bolmaň. Ümsüm oturmagymy isläp, günäli ýaly müýnürgetmäň. Garagollugym üçin meni erbet çaganyň ýerine goýmaň!
Goýberen ýalňyşymy düşündiriň. Temmi bermezden öň meni diňläň. Onsuzam ýalňyşyma görä beren temmiňize men razy. Meni soňuna çenli diňläň. Eger-de size sowal bilen ýüzlenýän bolsam, bir zatlara göz ýetirmek isleýändirin. Biz sowal bermek arkaly öwrenýäris. Şonda berýän sowalyma gysgajyk we anyk jogaplar beriň. Maňa güýjümiň ýetmejek işini buýurmaň. Hötdesinden gelip biljek işlerimi tabşyryň. Maňa ynamyňyzyň uludygyny aýdyň. Maňa kömek ediň, iň bolmanda bitiren işim üçin berekella aýdyň. Meni deň-duşlarym bilen deňeşdirmäň, beýtseňiz özüme bolan ynamym gaçar.
Meni derrewjik ulaltjak bolmaň, ýaşyma görä boluň! Durmuşyň bütin düzgünlerini birden öwretjek bolmaň, maňa wagt beriň. Buýran işiňizi bolmalysy ýaly etmesem, nägile bolmaň. Meni gyssamaň, sebäbi ýalan sözlemäge mejbur bolaryn. Aňrybaş bizar-petegiňizi çykarmadyk bolsam, başardygyňyzdan giň göwrümli boluň. Maňa gaharlanyp bilersiňiz, emma meni kemsitmäň. Ylaýta-da başga kişileriň ýanynda! Eger şeýtseňiz, menem kesekileriň ýanynda siziň ýüzüňizi gyzardyp bilerin. Meni nähak ýere öýkeletseňiz, bu etmişiňizi boýun almakdan çekinmäň. Menden ötünç sorasaňyz, size bolan söýgim kemelmez, gaýtam, artar. Siz meniň üçin asyl bolşuňyzdan has oňat, has gymmatly. Özüňizi maňa birkemsiz, hiç wagt ýalňyşmaýan kişiler edip görkezjek bolmaň. Şonda bir ýalňyşlyňyza şaýat bolsam, bu maňa gaty erbet täsir eder.
Bilýän, häli-şindi sizi gynandyrýaryn, belkem siziň ynamyňyzy ödäp bilmeýärin. Maňa köp zat berip, menden azajyk zat talap edýändigiňizem bilýärin.
Ýokardaky ýazan isleglerim siz üçin köp bolsa, birnäçesiniň üstüni çyzaýyň. Ýöne welin, siziň mundan beýläk meni bütin durkuňyz bilen söýjekdigiňize ynanaýyn!
Eger siz «Göreldeli okuwçy» diýen ada eýe bolmagym üçin meni gyssamasaňyz, menem sizden birkemsiz, hiç wagt ýalňyşmaýan ene-ata bolmagyňyzy talap edip durmaryn. Maňa siziň mähriňiz, geçirimli bolmagyňyz ýeterlik.
Siziň perzendiňiz bolup dogulmagym meniň elimdäki zat däldi. Emma ene-atany saýlamaga hukugym bolsady, sizden başga kişiniň perzendi bolasym gelmezdi.

Size egsilmez söýgüsi bolan
öz perzendiňiz…

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s