Aýak yzlary

Bir adam, bir gije düýş görüpdir. Uzyn çägeli ýodada dosty bilen ýöräp barýarmyş. Olar ýöredigiçe öňlerinden öz durmuşyndan käbir sahnalar çykýarmyş. Ylla diýersiň şol çägeli ýoda onuň durmuş ýolumyşyn. Gumdaky galýan iki jübüt aýak yzy adamyň ünsüni çekipdir: bir jübüti özüniňki, beýlekisi bolsa dostunyňky.

Durmuşynyň iň soňky sahnasy hem göz öňünden geçenden soňra, ol adam gumdaky aýak yzlaryna boýdan başa täzeden seredipdir. Şol wagt, birden bir zat ünsüni çekipdir: Durmuş ýolunyň käbir böleginde gumda diňe bir jübüt aýak yzy barmyş: Aýak yzlarynyň iki jübütden bir jübte düşýän ýerleri, durmuşyň iň agyr, iň kyn günlerine gabat gelýärmiş.

Bu ýagdaý ony örän birahat edipdir we munuň sebäbini dostundan soramagy makul bilipdir.

“Dostum! Sen ýagşy günde, ýaman günde ýanymda boljakdygyňy, meni terk etmejekdigiňi aýdypdyň. Ýöne, durmuş ýoluma ser salanymda iň kyn, iň erbet, iň kösençli wagtlarymda gumdaky durmuş ýolumda diňe bir jübüt aýak yzyny görýärin…

Düşünmedim dostum. Durmuşyň gowy günlerinde ýanymda bolup, saňa iň köp mätäç günlerimde bolsa meni terk edýärmiň?”

Dosty ýylgyryp jogap beripdir:

“Gadyrdan dostum! Men seni hemişe janymdan eziz gördüm we hiç wagt seni terk etmedim. Durmuş ýoluňdaky iň agyr günleriňde çägäniň üstünde hemişe bir jübüt aýak yzy gördüň. Üns beren bolsaň, aýak yzlary iki jübtden bir jübte düşen ýerlerinde yzlar has çuňlaşýandyr.

Çünki, şol pursatlarda men seni gujagymda daşaýardym”.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s