ÇAGA TERBIÝESI ÜÇIN ÜÇ ÝAŞ EÝÝÄM GIÇDIR.

ÇAGANYŇ POTANSIÝAL MÜMKINÇILIGI.
Psihologlarynyň ylmy barlaglary netijesinde çagalaryň psihologiki we fiziki ösüşinde potansiýal mümkünçilikler çaganyň beýnisinde ilkinji üç ýaşda emele gelýändir. Çaga hiç haçan dogulan mahalynda zehinli ýa-da zehinsiz dogulmaýar. Olar dogulan wagty bir arassa kagyz ýaly bolýar, soňra oňa näme ýazsaň şony edýändir. Beýnisindäki esasy höwes döreýiş (stimulýasiýa) ösüşi çaganyň ýaşaýşynyň ilkinji üç ýylynda bolýandyr. Ondan soňra bolsa köplenç ýagdaýlarda giç bolup biler.
Köplenç ýagdaýlarda ene atalar çagalaryna terbiýäni ýa-da başga zatlary çagalar bagyna başlandan soňra bermäne başlaýar. Emma welin bu ýagdaý ýalňyşdyr. Ýagny çaga üçin potansiýal ösüşi ilkinji üç ýaşda bolýandyr.


IRKI TEJRIBÄNIŇ TÄSIRI.
Çaganyň ýaşaýşynyň dowamynda has möhüm bolan onuň genetikasy däl-de, eýsem onyň doglan gününden başlap ony gurşaýan daş töweregidir.
Çagalara köplenç biziň pikir etmeýän wakalarymyz täsir edip biler we olary psihologiki taýdan özlerine kabul edip alyp, öz gelejeklerini şoňa görä gurnap bilerler. Şol sebäpli çaganyň ilkinji ýaşan we gören wakalary has-da täsirlidir.


ÇAGA NÄME KÖP PEÝDALYDYR
Çagalaryňyzy mümkün boldygyça eliňizde köpräk göteriň. Bu ýagdaý olaryň emosýasyna bütünleý täsir eder.
Çagalaryňyz bilen iň bolmanda günde bir sagat has ýakyndan gatnaşykda boluň.
Hiç haçan özleri bilen gatnaşyk eden halatyňyzda çaga ýaly diliňizi aýnadyp gürleşmäň. Bu çaganyň giç gürlemesine sebäp bolup bilýär.
Çagalar bilen diňe eneleri däl-de, eýsem atalary hem gatnaşykda bolmasy gaty möhümdir. Sebäbi çaga üçin kaka hem dost hem-de ata bolup biler.
Çagalaryňyza nähili gaharly bolsaňyzda gygyrmajak boluň we olara jeza berip ýalňyşyny görkezjek bolmaň.


AHLAK TERBIÝESI.
Çagany hemişe öz höwesine görä gönükdiriň, ýöne dogryny aýdyň. Herhili ahlaky meselelerde-de dogry gürrüňdeşlik geçiriň.
Hossarlarynyň ýene-de bir üns bermeli zady çaganyň ýolbaşçylyk ukybynyň emele gelmegidir. Bu bolsa onuň gelejekdäki etjek işlerinde has-da özüne ynamly gadam basmagyna sebäp bolup bilýär.
Mundan başga-da oýunlar köpräk oýnamagy gereklidir. Çagalar oýunlaryň üsti bilen köp zady öwrenýändir.
Umuman aýdanymyzda çaga eýýäm dünýä gelen gününden başlap olaryň terbiýesine üns beriň. Çünki çagalarda ilkinji 3 ýaş öran möhümdir.