ADAMDA GYLYK-HÄSIÝET NÄME DIÝMEK WE NÄHILI PEÝDA BOLÝAR?

Gylyk häsiýetiň sözlük düşünjesi boýunça Grek dilinden Türkmen diline terjime edilende «möhür» we «yz» manysyny berýär. Ýagny ynsan öz ýaşan wakalary bilen özüniň boluşuna, gylyk-häsiýetine yz goýýandyr. Soňra şol yz ýa-da möhür bilen hereket edip öz aralarynda tanalýandyr. Her ynsanyň özüne görä jem we durnukly , şahsyýetine mahsus aýry gylyk-häsiýeti bardyr. Aslyna seredenimizde adamlary biri-birinden tapawutlandyran zat olaryň daş görnüşleri däl-de eýsem häsýetleridir.
Ylmy işleriň tassyklaýşy ýaly adama öz harakteri geni bilen berilmeýändir. Ýagny biziň harakterimiz dogulan çagymyzda bize berilýän däldir. Eýsem biziň gylyk-häsiýetimiz biziň öwrenýän zatlarymyz, düşünjelerimiz özümize mahsus aklymyz we duýgularymyzdyr. Adamyň harakteri dogulanyndan soňra daş-töweregindäki bolup geçýän wakalar bilen şekillenýändir. Ýagny maşgalasy, dostlary, gatnaşyk edýän yerleri bilen şekillenýändir. Esasan adamyň harakterine iň köp täsir eden zatlaryň biri hem maşgalasy we ene-atasydyr. Çünki adamda gylyk-häsiýetiň uly bölegi eýýäm 6 ýaşa çenli işlenýändir we ol beýnisine ornaşýandyr. Soňra şol ornaşan duýgy daşy düşünjelere görä ynsan hereket edýändir. Şol sebäpli hem adamyň eýýäm belli bir ýaşa ýetenden soň gylyk-häsiýetini üýtgetmek kyn bolýandyr. Şol sebäpli gylyk-häsiýet meselesi ene-ata baglydyr. Ýagny çaga esasan 3 ýaşyna çenli ene-atada näme görse ony özüne çekýändir we möhirleýändir, şoňa göräde gelejekde hereket edip, adamlar bilen gatnaşyklarda bolýandyr. Dogry, biz gylyk-häsiýetimizi diňe 3 ýa-da 6 ýaşa çenli görenlerimiz we eşidenlerimiz bilen çäklendirip bilmeýäris. Sebäbi adam ýaşaýşy boýunça bir zatlar öwrenýär, bilýär we özüne siňdirýär. Şol sebäpli hem biz näçe özümize peýdaly bolan dogry ýolda ymtylyşda bolsak şonçada häsiýetimizede ýaňsaýandyr.
Mundan başga-da adamyň harakterine täsir edýän zatlaryň biri hem ykdysady wakalardyr. Sebäbi bu wakalar adamlary hem gowy hem-de erbet häsýetleri özüne öwrenişdirip biler. Ýagny maddy girdeýjiler üçin ýalan sözlemek, bahyllyk etmek ýaly endikleri şekillendirip biler.
Ýene-de häsýetimiziň mazmununa täsir edýän zatlaryn biri hem jemgyýetçilik gatnaşyklarydyr. Ýagny adam nähili jemgyýetçilikli gatnaşyklarda bolsa oňa görä pikir düşünjeleri bolýar we şolar ýaly hereket edýändir. Oňa mysal aýdanymyzda adam näçe intelligent adamalar bilen gatnaşyk edýän bolsa şolar ýaly bolmagy endik edýär, näçe haraktersiz adamlar bilen gatnaşyk etse hem oňa görä özüne şekil alyp, özünde endik edinýär. Şol sebäpli hem jemgyýetçilik gatnaşyklary örän möhümdir.
Mundan başgada harakterimize we endiklerimize kän täsir edýan zatlaryň biri hem biziň ynanjymyzdyr. Adam nämä ynanýan bolsa şol zada ymtylýandyr. Meselem rasionalist, naturalist we dindar adamlaryň arasynda gaty uly tapawut bardyr. Bu bolsa olaryň ynanýan zatlaryna baglydyr. Ýagny egoistlik, ýumşak göwünlilik, men-menlik ýaly harakterleriň köpüsi biziň ynançlarymyz bilen kän baglanyşyklydyr.
Umuman aýdanymyzda biz özümiziň gylyk häsiýetimizi özümiz şekillendirip bilýäris. Emma muňa gaty köp täsir eden zatlaryň biri hem biziň maşgalamyz, ene-atalarymyz we daş töweregimizdir. Eger biz näçe gowy harakterli, akylly adamlar ýetişdirjek bolsak belli bir ýaşa çenli ilki bilen ýene-de maşgala ýagdaýy örän möhümdir. Ondan soňra daş-töwerek we gatnaşyk edýän kişilerimiz, aklymyz we düşünjelerimizdir.