ÇAGALAR ÖZBAŞDAK ÇEKÝÄN SURATLARYNDA ESASAN NÄME DÜŞÜNDIRMEK ISLEÝÄRLER?

Aslyna seredenimizde çagalaryň çekyän suratlary bir oýun ýa-da bir güýmenje däldir. Olar suratlarynyň üsti bilen özleriniň iç dünyälerini we duýgy daşy düşünjelerini görkezmäge çalyşýarlar.
Çagalar üçin suratyň görnüşi, ululygy, kiçiligi möhüm däldir. Olar bir bölek kagyzada az bir wagtyň içinde özleriniň hyýallaryndaky figuralary ýa-da başga zatlary çekip bilyärler.
Surat çekmek aýratynlyklary belli ýaş toparlara bölünyär:
Çagalar üç ýaşyna çenli esasan gysga we kese çyzyklar, zolaklar, çyzarlar. Eýýäm çaga dört yaşyna gadam basanyndan soňra suratlaryna many berip başlarlar. Meselem adam figuralary, eje-kakalarynyň suratlaryny çekip başlarlar. Şol sebäplide çaga psihologlaryna görä çagalaryň suratlary 4 yaşdan başlap analiz edilip başlanar.
Çagalaryň eýýäm ol yaşdan başlap çeken suratlary olaryň gürrüňdeşleri bolýar. Ýagny çagalar suratlarynyň üsti bilen özleriniň nähili pikir düşünjeleriniň bardygyny görkezyärler. Meselem aýdanymyzda eger çaga öz suratlarynda maşgalada kimden köp mähir, söýgi alýan bolsa özüni şonuň ýanynda çeker. Güneşli aýdyň suratlar we figuralar çekýän bolsa onda çaganyň maşgala agzalarynyň gowy gatnaşyklarynyň barlygyny görkezýär. Çagalar diňe pozitiw däl eýsem negatiw suratlaryda çekerler. Şeyle ýagdaýlarda çagalar esasan goýy reňkleri ulanarlar we köplenç ýagdaýlarda özlerini çeken suratlarynyň bir çüňkünde ýerleşdirerler. Bular ýaly suratlar bolsa çaganyň maşgaladan ýeterlikli söýgi, mähir alyp bilmeyändigini görkezýär. Ýagny maşgala agzalarynyň-da gowy gatnaşyklarda bolmadyklaryny görkezyär. Çagalar näme diymek isleseler ol suratlarynyň üsti bilen ählisini görkezerler. Bular ýaly ýagdaýlarda ene-atalar muňa üns bermelidirler.

Çagalaryň ulanýan reňkleri esasy haýsy duýgy daşy düşünjeleri beryär.

  • Gara gök reňk – iç dünýäsinde pikir ýöretmeleriniň barlygyna yşaratdyr.
  • Ýaşyl reňk – Bir boluşluk , özbaşdaklygy gowy görýänini, özüne ynamly bolşuny görkezyär.
  • Gyzyl reňk – çaganyň höwesli we arzuwlarynyň ýokarydygyny görkezýär.
  • Sary reňk – pozitiw düşünjeler, bilesigeljiligiň ýokarylygyny görkezýär.
  • Melewşe reňk (фиолетовый)– çagada hyýaly (Marvel) düşünjeleriniň köplügini.
  • Mele reňk – çagada negatiw düşünjeleriň barlygyny görkezyär.
  • Gara reňk – närazylyk, garşylyk düşünjeleriniň köpligini aňladýar.
  • Kümüş reňk – biperwaýlyk we gitmek arzuwlarynyň barlygyny görkezyär.

Şeýlelikde bu ýazylanlar bilen ene-atalar öz çagalaryny analiz edip bilerler.
Ýagny ýokarda ýazylanlaryň ählisi çagalar barada edilen ähli ylmy işleriň netijesinde kesgitlenendir. Eger çagalaryňyz bilen surat çeken mahaly ýokardaky ýazylanlardan göwne jaý bolmaýan bir yşarat görseňiz onda olara hökmany suratda üns bermäge başlaň. Sebäbi çagalar eýýäm çeken suratlary bilen özleriniň psihologiki düşünjeleriniň ählisini beýan edýärler .

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s