ÇAGA ÝALY PIKIR ETMEK

Şol gün howa ýaramazdy, gök gübürdisiniň yzy kesilenokdy, bedreden dökülýän ýaly ýagyş ýagýardy. Kiçijik gyzjagaz hemişeki bolşy ýaly, bu günem ejesiniň sesine oýandy, ertirlik edinenden soň bolsa, her günki ýaly pyýadalap mekdebine tarap ugrady. Ýöne asmandaky ýyldyrymlar şeýle bir dynuwsyz, şeýle bir ýiti ses bilen çakýardy welin, gyzjagazyň ejesi: “Çagajygym beýle howada ýolda gorkaýmabilsedir? diýip, aladalanmaga başlady. Derrew maşynyna atlanyp, gyzynyň gözlegine çykdy. Ýöne kän gözlemeli bolmady, kiçijik gyzy hol aňyrrakda kiçijik ädimler bilen ýöräp barýardy. Emma ol haçan ýyldyrym çaksa, durýardy-da, gök ýüzüne garap ýylgyrýardy.
Ejesi onuň bolşuna birbada düşünmedi, ýöne gyzyklanmanam durup bilmedi, maşynyny onuň ýanyna golaýlaşdyrdy-da:
– Çagam, bu howada ýekebaşyňa ýöremekden gorkaňokmy? Onsoňam, her gezek ýyldyrym çakanda ýokaryk garap, sen näme edýäň-ä? – diýip sorady. Gyzy oňa şeýle jogap berdi:
Ýylgyrýan, çünki Hudaý suratymy alýar…

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s