Zehin we ruh düşünjesi

Zehin we ruh düşünjesi asyrlar boýy dowam edip gelýän düşünjedir. Ýagny, biziň eramyzdan öň hem köp adamlar bu barada öz düşünjelerini öňe sürüpdirler. Esasy başlangyjyny bolsa grek filosofy Aristotelden alyp gaýdýar. Ýagny b.e.öň 384-322 ýyllar aralygynda ýaşap geçen pähimli adam bu düşünjäni birinji bolup öňe sürýär. Ondan öň zehin we ruh düşünjeleri diňe dini nukdaýnazardan seredilendigini taryhçy alymlar çaklaýarlar. Aristotel bolsa bu barada şeýle diýýär «Biziň ruhumuz bedende bolan bir barlykdyr we beden ruh bolmasa işläp bilmez, biziň duşünjelerimiz bolsa beden bolmasa işläp bilmez. Şol sebapli hem beden we ruhumuz zehinimiz bilen baglanyşyklydyr» diýip agzap geçýar. Ýagny Zehin baradaky düşünjäni ilki Aristotel orta atýar. Ondan soňra muňa meňzeş düşünjeler bilen biziň günümize çenli birnäçe alymlar öz pikirlerini öňe sürýärler. Hazirki wagtda bolsa zehin we ruh barada örän kan gözlegler we barlaglar edilip bu düşünje ylmylaşdyryldy. Ýagny, zehinimiz we düşünjelerimiz biziň beýin sistemamyzda bolup geçýän wakadyr, beýnimiz bolsa biziň kelle çanagymyzda ýerleşýan bir organdyr. Emma ruhumuzy bolsa diňe duýup bilýäris, onuň el bilen tutup bolaýjak organy ýokdyr. Duýgularymyza bolsa pikir edip, akyl ýetirip düşünýäris. Şol sebäplide ruh we akyl bir-birinden üzňe däldir. Ýagny, biziň edýän ähli hereketlerimiz, gylyk- häsiýetlerimiz, daşary we içeri gurşaw bilen gatnaşyklarymyzyň ählisini öz düsünjelerimiz bilen amala aşyrýarys we biz öz aklymyzy özümiz işledip, nämäni islesek şony hem edýäris. Biziň duýgularymyz bolsa beýle däldir, ruhumuz bilen baglanyşykly bolany üçin isleýän ýada islemeýän zatlarymyzyň ählisini etmän bileris. Muňa mysal getirsek mähir, söýgi, gahar ýaly dugularymyzy aklymyz we zehinimiz bilen ýerine ýetirmeýäris, olary diňe aňyp, şoňa görä hereket edip bilýäris. Has anyk aýdanyňda, ruhuň we zehiniň tapawutly tarapy, birini isleýişimiz ýaly ulanyp bilýäris, birini welin islän wagtymyz ulanyp bilemizok. Ýöne ýokarda bellenişi ýaly duýgulara-da akyl bilen düşünýäris we amal edýäris. Adamlaryň her wagt duýgulary bilen düşünjeleri deň gelmän biler. Bu bolsa köp adamlarda ruhy taýdan we psihologiki taýdan meseler oýandyryp biler.
Biziň zehinimiz biziň düşünjelerimizden döreýär, düşünjelerimiz bolsa duýgularymyzdan emele gelýär, duýgularymyz bolsa biziň ýasaýşymyzyň dowamyndaky wakalardan emele gelýär. Ýaşaýşymyzyň dowamyndaky wakalar biziň doglan günümizden başlap daş-töweregimizdäki bolýan zatlaryň ählisidir. Umuman aýdanymyzda, zehin we ruh aýry düşünje hem bolsa bir-biri bilen pugta baglanyşyklydyr. Biri bolmasa beýlekisi ýaşap bilmeýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s