Dežawu nämedir, nähili we haýsy sebäpden emele gelýär?

Adamlaryň arasynda bir wakany öňden ýaşama duýgusy ýagny käbir bolup geçýän zatlary düyşlerinde gören ýaly bolma duýgulary kän bolup geçýändir. Asyl bu ýagdaýyň nähili bolup geçýändigini yada näme üçin beýle duýgulary ýaşaýanlygymyzy köp adamlary gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ýöne köplenç halatlarda bu wakalara halk aralarynda öňden görüjilik hem diýilýär. Emma welin ylmy işleriň netijesine görä şuňa meňzeş duýgularyň ýagny wakalary öňünden görme meselesi däl-de eýsem beyinde bolup geçýan belli bir prosses sebäpli başdan geçirilýändigini ylmy işleriň netijesi görkezdi. Beýle duýgularyň başdan geçirilmegine XX asyrda DEŽAWU ady berilip ylmy ýollar bilen düşündirildi. Aslynda bu wakalara näçe asyrlardan bäri ylmy adamlar birnaçe sapar üstünde durup geçdiler ýöne ylmy derejede bir at berilmedi.

XX asyrda ýagny 1928 ýylda Edwerd Titсhener psihologýa kitabynda bu hakynda birinji gezek düşündiriş getirildi. Ýagny Dežawunuň ylmy teswirlemesinde şeýle diýilýär, biziň beýnimize gidýän maglumatlaryň ählisi beynimizde işlenýär we şonuň netijesinde bizde aňşyrma prosesi öňe çykýar. Emma kä halatlarda beýnimizde tapawutly kabul etme prosesi bolup geçýär. Ýada gysgaça aýdanymyzda beýniň sag we çep tarap kabul edişinde kiçijik bir tapawutlulyk bolýar we biri beýlekisinden öňde ýada yzda aňşyrma halatlary bolýar. Bu bolsa adamlarda ol wakalary öňden ýaşan ýaly duýgyny oýandyrýar. Şol sebäpli adamlar beýle wakalary düyşlerinde gören ýaly ýada öňden ýaşan ýaly bolýarlar. Dežawu sözi bolsa asyl fransuz dilinden gelen bir söz bolup, öňden görülen manysyny berýändir.

Dežawuny 70% adamlar özleriniň ýasaýyş durmuşunda iň az bir gezek ýaşaýarlar. Şol sebäpli adamlar öz aralarynda «men bu ýerde öň bir gezek bolupdym yada men bu halaty düyşümde görüpdim» diýen ýali mysallary aýtýarlar. Ýagny bu wakalar adatdan daşary bir ahwalat däldir. Beýnimiziň işleyşi bilen baglanyşykly bir wakadyr. Emma welin şuny hem bellap geçmegimiz gaty möhüm: eger Dežawu prosesini (wakasyny) köp ýaşaýan ynsanlar hökmany suratda newrolog ýada psiholog doktorlaryna özlerini görkezmeleri möhümdir. Sebäbi bu ýagdaý esasan hem belli bir psihologiki kesellerde köp duş gelýändir. Şol sebäpli dežawu wakasyny (prosesini) köp başdan geçirmeklik saglygymyzda ýetmezçiligiň bolup biljekdigini duýdurýarlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s