- Ilki bilen her bir çaganyň ýetginjek döwründe has köp üns we goldaw gerek. Sebäbi bu döwürde çaganyň “men” merkezli duýgusy aktiw herekete geçip, garmonlarynyň üýtgeşme geçirýän döwrüdir. Ene-atalar bu döwürde özlerini juda oýlanşykly alyp barmaly. Çaga bilen diňe umumy maşgala gatnaşygy bilen çäklenmän, olar bilen ikiçäk gatnaşyklary hem ösdürmelidirler. Çaganyň ynamyny gazanmalydyrlar.
- Hossarlar çagany diňlemeli, düşünjek bolmaly we duýgularyna duýgudaşlyk bildirmelidirler. Sazlaşykly we birek-birege hormat goýmagy ýola goýmaly.
- Hossarlar diňe öz çagalary bilen däl-de eýsem beýleki maşgala agzalary we daş töweregindaki adamlar bilen hem söýgi, hormat gatnaşyklaryny ugrukdyrmalydyrlar. Çagalaryna gowy görýändiklerini wagtal-wagtal aýdyp durmalydyrlar.
- Eden işini boýun almak ýa-da ýalňyşyny kabul etmegi öwretmelidirler. Bu bolsa çagada ýalan gürlemezlik häsiýetini ösdürýär.
- Çaga bolan ynamyňyzy boldugynda görkezmäge çalyşyň. Bu siziň çagaňyzyň gelejege bolan gaýgylaryndan we gorkularyndan gorap saklar.
- Maşgalada ene-ata ýol görkeziji ýolbaşçy ýaly bolmalydyrlar.
- Ene-atalaryň aýratynlykda, hersi şahsy göreldeli bolmaly. Çagalaryny diňlemän köteklemeli däldirler.
- Çagalaryňyzyň okuwlarynda hyzmatdaşlygy saklap, mugallymlar bilen gatnaşyklaryňyzy berk tutuň.
- Çagaňyzyň kimiň bilen dost bolýanyny, kimler bilen gatnaşyk saklaýanyna üns bermeli. Bu bolsa çagada dogry pikirli we terbiýe gören adamlar bilen gatnaşykda bolmagyna sebäp bolar.
- Eger çaga bardy-geldi sizi kyn ýagdaýa düşürse olara garşy sabyrly, ünsli boluň we özüňizi paýhasly alyp baryň.
Like this:
Like Loading...
Published by
masgalamekdebi
Çaga Terbiýesi
View all posts by masgalamekdebi