Çagany biçäre we nalajedeýin edip ýetişdirmegiň ýollary

  • Naharyny siz iýdiriň, egin-eşigini,köwşüni siz geýdiriň!
  • Özbaşyna hiç bir işi etmesin,böwet boluň!
  • Sizsiz hiç bir işiň başyny tutup bilmejegini yzygiderli kellesine guýup duruň!

ÖZBAŞDAK ETJEK IŞLERINE RUGSAT BERMÄŇ, BÖWET BOLUŇ

Amaliýa gurjaklary bilen oýnamagy halaýan ýuwaşja bir çagady. Onuň bu ýuwaşlygy zerarly öýde bar ýoklugam belli däldi. Ejesi wagtynyň köp bölegini öýe gelen goňşy aýallar bilen gümür-ýamyr edip geçirerdi. Amaliýa-da hyýalyndaky dünýäsi bilen ýaşaýardy.
Ejesi ýene myhmanlary bilen gümrady. Amaliýa multfilme tomaşa etmekden ýadady. Örän gowy görýän gurjaklary bilen oýnamak üçin gutyny ýere dökdi. Gurjaklarynyň eşikleri düýnki iýilen şokoladyň toşaby ýelmeşip tegmilden doludy. Gurjaklaryň eşiklerini çykaryp, ejesine bildirmänjik banýa girdi. Oturgyja çykyp, krany açyp, sabynlap ýuwmana başlady. Gurjagyň eşiklerindäki sabyn köpürjikledikçe Amaliýanyň keýpi göterilip, göhe gelýärdi. Üfläp-üfläp olary daş-töwerege uçurýardy. Eşikleri suwda durlap, täzeden sabynlap iki eljagazy bilen owup-owup ýuwýardy. Ahyry sabyn köpükleri bilen tegmiller eşiklerden aýryldy. Amaliýanyň elleri-de suwdan ýaňa gasyn-gasyn boldy. Suwuň kranyny ýapdy. Oturgyjy hem ýerinde goýdy. Banýanyň yşygyny öçürip otagyna gitdi.
Amaliýa gurjagyň eşiklerini guratmak üçin ýüpjagazyň bir ujuny krowatyň başujuna, beýleki ujyny bolsa doskanyň burçuna daňdy. Gurjagyň eşiklerini serdi. Amaliýanyň bu eden işleri göze gelimli we dört ýaşyndaky bir gyza görä ukyply işdi. Banýadaky rakowinanyň gyrasyndan suw damjalarynyň aşaga syrygmagy bilen pol hem suw boldy. Sabynyň köpürjikleri-de ýaňy eräp gutaryberipdi.
Ejesi myhman aýallary ugradyp, banýa girdi-de çirkin sesi bilen:
– Amaliýa, bu banýa näme boldy? – diýip gygyrdy.
Amaliýa bu sesi eşideninden ýüregi ýarylan ýaly bolup ýerinden turdy we sese tarap gorky bilen adimläp ugrady. Ejesi bilen göz-göze geldiler. Ejesiniň çalaran gözüni ýadyrgamady. Bu gan öýen gözüň nähili netije berjekdigi uzak garaşdyrmady. Ýaňagyna degen şarpyk, gözünden ot çykardy. Ejesine kine besledi, ony has-da artdyrdy.
– Ýene nämedir bir zatlar ýuwduň gerek, hany bahym boýyn al! Men saňa birugsat hiç zady elleme diýmedimmi,hä? Gaýdyp özbaşdak bir iş edeniňi göräýmäýin!
Amaliýa bu wakadan soňra özbaşyna bir işiň başyny tutmagy bes etdi. On alty ýaşan hem bolsa onuň ýorgan-düşegini henizem ejesi ýygnaýardy.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s