Çagamyzy söýmelimi ya oňa garşy mähirli, şepagatly bolmalymy?

Söygi bilen mähir bir birine ýakyn görnüşleri ýaly hem bir birinden uzakdyr,tapawutlydyr. Söýen kişi söyülenden garşylyga garaşýar, mähirli we şepagatly kişi bolsa mähriniň garşylygynda hiç bir zada garaşmayar, sebabi mähir söýgüden has ýiti, ýagty, beýik we tämizdir. Mysal bilen aýtmaly bolsa Züleýhanyň Ýusup pygambere bolan duýgusy söýgi, Ýakup pygamberiň ogly Ýusup pygambere bolan duýgusy mähirdir.

Birinjisi söygüsine garşylyk gözläp, söýenini zyndana atdyrýar, ikinjisi mähir siňdiren balasynyň agrysyny ömür boýy kalbynda duýup we aýralyk hijranynyň oduny gözýaşy bilen diňdirmäne synanyşýar.

Meselem çagasyny söýen ene ata çagasy durmuş guranyndan soňam onuň öz ýanynda bolmagyny isleyär ýada ogluna öz saýlap alan gelinini hem soňabaka gabanyberýär, ýöne çagasyna mähirli garan ene ata çagasynyň bagty üçin öz arzuwyndan pidakarlik edip bilýär we nirede yaşasalaram olaryň bagtyna guwanyp yaşamany başaryar.
Şeylede söýgi bir kişä garşy duýulan duýgudyr mähir bolsa örän giňdir. Bir perzendimizi söýsek beylekileri onuň derejesinde söyman bileris we bul perzentler arasynda görüplige sebäp bolup biler, munuň ýerine ähli perzentlerimize deň derejede mährimizi bersek olaryň doganlyk bagyny kuwwatlandyrarys.
Onda geliň çagalarymyza mähirli bolalyñ, sebabi mähir Allatagalanyñ ene ata beren çäksiz sowgadydyr.

Biziň esasy üns bermeli zatlarymyz;

  1. Özümizi çagalarymyzyň eýesi görüp, olary öz isleg we arzuwlarymyzyň gurbany etmeli däldiris. Muny şeyle mysallandyryp bileris. Her birimiz ene-ata boljagymyz baradaky şatlykly habary alan wagtymyzdan başlap, çagajygymyz hakynda hyýallar gurup başlayarys. Biraz wagtdan jynsyýeti belli bolaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Oglanjyk ýada gyzjagazdygyny bilenimizden soň bolsa, käte meniň oglum ökde uçarman bolar ýada meniň gyzym ussat sungatçy bolar diýip özümiz perzendimiziň gelejegini göz önümüzde şekillendirip başlaýas, dünyä gelenlerinden soň olary öz islegimize görä urukdyryas we bulary çagamyzy gowy görýänimiz, olaryň aladasyny edýänimiz üçin pikirlenýäs diýip hasaplaýarys we özümizi olaryň eýesi hökmünde görýäris. Şeylelikde olaryň özlerine bolan ynamyny, karar alma ukybyny, başgada dürli ukyplaryny we zehinlerini köreldýäris. Şeýlelikde olar başgalarynyň islegine görä öz durmuşyny şekillendirýärler we iç dünyäsi bilen ylalaşykly bolmanlary uçin hem durmuslarynda bagtly bolup bilmeyärler. Iň gynandyryjy ýagdaý bolsa olar özleriniň azatlygynyň elinden alynandygynyň parhynda däldir, eýsem Allatagala adamzada erkinligi we azatlygy bermegi bilen başga mahluklardan tapawutlandyrandyr.
  2. Özümizi olaryň hyzmatkäri görüp her diyenlerini ýerine ýetirmäne synanyşmagymyz hem uly yalňyşlykdyr, eger beýle yalňyşlyk etsek bul perzentlerimizi ulumsy, lälik, jogapkarçiliksiz we sylagsyz biri halyna getirer. Durmuşda her bir zadyň öz arzuwyna we isleglerine görä bolmagyny islärler we her bir zada yeňillik bilen ýetmek islärler. Egerde yeňil elde edip bilmedik yagdaylarynda sustypeslik yaşarlar we depressiýa girip dünyälerini garaldarlar. Aňsatlyk bilen elde eden zatlarynyň hem olar uçin gadyr gymmady bolmaz. We beýle terbiýe gören çagalaryň ilki bilen ýaralajak kişileri ene atalary bolar.
  3. Biziň wezipämiz; olary Allatagalanyň dürli ukyplar bilen bezäp, mundan öň dünýä gelen hemme adamlardan tapawutly, özüne degişli kişiligi bilen bize amanat edilendiginiň parhynda bolup, şol ukyplaryň kämilligine tarap aljak ýolunda olara goltgy bolmakdyr. Maşgalasy tarapyndan mähir gören çaga her bir zada mähir bilen garar, mätäç we ýaraly köňüllere mähir bilen el uzadar, we olara garşy jogapkärçilik duýar, herkimiň duýgusyna hormat goýar, iýmekden däl iýdirmekden lezzet alar, başgalarynyň üstünligini öz üstünligi ýaly kabul eder, diňe öz bagty bilen däl başgalarynyň bagty bilen hem bagtly bolmany başarar, şonuň üçinem ol dünýäniň iň bagtly we iň ruhybelent ynsanydyr.

Kämil şahsyýetleriň maýasy mähir we şepagat bilen ýugrylandyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s