ADAMLAR NÄME ÜÇIN DÜÝŞ GÖRÝÄRLER, DÜÝŞ ASLYNDA NÄME DIÝMEK ?

Ylmy işleriň netijesine seredenimizde adamlar psihologiki taýdan iki dünýäde ýaşaýar, huşsyz (aňasty, duýga dahylsyz) we huşly dünýä. Çünki adamyň beýni sistemasynyň 90 % gowuragy huşsuz işleýär, galan bölegi bolsa huşly işleýär. Uka batanymyzda beýnimiziň huşsuz bölegi has işjeň bolýar. Şunuň üçin hem düýşleriň köpüsi duýga degişli bolmaýan düşünjeler bolup, huşsuz ýatyrkak görülýär. Adamlar köplenç düýşlerini ýatda saklap bilmeýär. Ýatda saklanlaryna bolsa juda ähmiýet berýärler we ýorgudynyň nämedigini bilmek üçin gyzyklanýarlar. Şu sebäpden ilki bilen bilmeli zadymyz düýşüň asyl manysy näme, nireden peýda bolýar we näme üçin görülýär.

Düýş bu adamlarda, haýwanlarda uka giden mahaly görülen fizýalogiki bir halatdyr. Düýşler biziň düşünşimiz ýaly çeper filime ýa-da bolmasa bir bölek teatr sahnasyna meňemeýär. Bu esasan biziň beýnimiziň ukudan oýanaýmaly wagtyna ýakynlaşanda görülýän 7-10 sekunt aralygyndaky fizýalogiki halatdyr. Biz düýşlerimizde edil şol ýerdäki waklarda ýaşaýan ýaly bolýarys we muny aç-açan görüp, duýup bilýäris. Biz ýokarda-da aýdyşymyz ýaly beýni sistemasy adamyň ýaşaýyşynyň dowamynda durman işläp durýar we ukuda mahalymyz her günki bolan wakalary, durmuşumyzda kellämize gelen her dürli arzuw-pikirleri bihuş ýagdaýda dürli günlerde düýşümizde görýäris. Hatta käbir ylmy işlere salgylansak düýşler biziň ýaşaýşymyzyň üçde biri diýip aýtsa bolar.

Birnäçe adam bolsa özleriniň has aýratyn üstün taraplaryny aňastynda, düýşlerinde görüp gözýetirýärler. Hakykatdan hem aslyna seredip görsek adam ukuda däl wagty özüniň ukybyna oňat düşünýär emma matamatiki hasaplamalaryň netijesine görä uly ylmy adamlaryň köpüsi özleriniň açyşlaryny düýşlerinde görup soňra olary durmuşa geçiripdirler. Mysal hökmünde aýtsak Mendeleýewiň tapan elementleriň tablitsasyny düýşünde görýär we düzýär, Karl Gaus indeks kanunyny, Nils Bor atomyň modelini, Elias Hou tikin maşynyny, Isak Nýuton ýeriň dartyş güýjüni düýşünde görüp tapýar. Bular ýaly wakalar adamlarda her hili soraglary ýüze çykaryp biler. Ýagny, bu açyşlar oslagsyz garaşylmadyk ýagdaýda görülýärmi ýa-da hut näbelli bir güýç tarapyndan görkezilýarmi diýen ýaly soraglar kellämizi bulaşdyryp biler.

Aslynda welin bu beýle däldir. Adam dünýä inen gününden başlap beýni sistemesynyň huşly we aňasty bölegi durman işlemäne başlaýar we ähli bolup geçen zatlary özünde saklaýar. Beýni esasan aňasty, ýagny duýgulara dahylsyz maglumatlary biz ukuda mahalymyz gaýtadan işläp, düýşlerimizde şöhlelendirýär. Şu sebäpden düýşümizde görýän zatlarmyzyň ählisi ýa biziň pikir eden halatlarymyz ýa-da ýaşaýşymyzyň dowamynda beýnimiziň duýga dahylsyz ýazga geçiren maglumatlarydyr. Düýşde görülýän wakalaryň ählisi hökmany suratda biziň beýni sistemamyza niredenem bolsa bir ýerden ýazgy edilendir. Düýşdäki ahli zatlar gözümiz bilen gören ýa-da gözöňüne getiren zatlarymyzdan ybaratdyr.

Biziň iň gyzyklandyrýan zatlaryň ýene biri hem düýşlerimiziň ýorgudydyr. Aslyna seredenimizde düýş ýorgutlary urp-adatlara, medeniýetlere baglydyr. Ýagny düýşleriň ýorulmagy her ýurda, her sebite görä üýtgäp durýar. Bir ýerde gowa ýorulýan düýş başga bir ýerde erbet manyda ýorulyp bilner. Meselem reňklerden mysal getirsek, gyzyl reňk görmek aziýa ýurtlarynda kän bir gowa ýorulmaýar emma ýewropa ýurtlarynda oňyn manyda ýorulýar. Ýene bir bellemeli zatlaryň biri hem dini adamlaryň özlerine göre ýorgudy bardyr. Mysal üçin musulman adam bilen hristýan ýa-da buddistiň ýorgudy bir bolmaýar. Düýşleriň ýorgudy psiholog alymlara göre adamyň ýaşaýan ýeri we şaýat bolan wakalary bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Hemem düýşleriň juda az göterimi geljekden yşarat berýär.
Düýşler bilen baglanyşykly ylmy barlaglar we gözlegler geçirip, netije çykaran esasy alymlar Frederik W.E, Zigmant Freýd, Stiwen Laberj we ş.m

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s