Okuwa täze başlajak çagalarymyzyň ene-atalaryna ýüzlenme

Ogluňyz ýa-da gyzyňyz ilkinji gezek bilim ojagynyň bosagasyndan ätleýär. Şonuň üçinem, onuň kiçijik ýüregi bu günler wagtal-wagtal adatdakysyndan has çalt, gürsüldäp-gürsüldäp urýandyr. Munuň dürli sebäpleri bolup bilýär. Çagaňyz meger tolgunýandyr, belki alada edýändir… elbetde, gorkýan bolmagy-da mümkin.
Ene-ata hökmünde sizem üýtgeşik duýgulary başdan geçirýänsiňiz. Sebäbi bu gün diňe çagaňyzyň durmuşynda däl, eýsem siziňem durmuşyňyzda täze bir syýahat başlanýar. Ençeme ýyla çekjek bu syýahatyň hem özüňiz üçin, hemem çagalaryňyz üçin peýdaly we gyzykly, mümkin boldugyça kynçylyksyz geçmegi örän möhümdir.
Kähalatlarda bir hadysanyň başlangyjy onuň dowamyna we netijesine uly täsir ýetirýär. Çagalarymyzyň okap bilim almagy hem ikuçsuz şeýle hadysalaryň biridir. Munuň bilen baglylykda, ene-atalar şu aşakdakylara üns bermelidir:

  • Ilkinji nobatda, mekdebe başlan günleri çagaňyza hemmetaraplaýyn goldaw bermelidigiňizi ýatdan çykarmaň. Ony säher bilen turzup okuwa taýýarlyk görmegiňiz, bile ertirlik edinmegiňiz, elinden tutup, tämiz we täze egin-eşikli mekdebiň gapysyndan eltmegiňiz, okuw ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyňyz gaty zerurdyr. Okuwyň birinji gününde oňa hut özüňiz ýoldaş boluň.
  • Öňünden näçe taýýarlasaňyzam, çagaňyzyň ýat adamlaryň arasynda uzak wagtlap, onda-da ilkinji gezek ejesinden aýra bolmagy onuň durmuşynda üýtgeşik tejribedir. Şol sebäpden, ejesi ýanynda bolmasa-da, okuwda wagty çekinmeginiň ýa-da gorkmagynyň hajatynyň ýokdugyna çagaňyzy ynandyryň.
  • Çagaňyz birbada özüni ýalňyz duýup biler. Şeýle ýagdaýda oňa gysga wagtda mekdebe öwrenişip, mugallymlary we deň-duşlary bilen ysnyşyp gitjekdigini sabyrlylyk bilen düşündiriň.
  • Okuwa öwrenişip bilmezlik, mugallymlardan, deň-duşlaryndan çekinmeklik, ýekesiremeklik, ejesini we kakasyny göresi gelmegi ýaly islendik kynçylykda oňa mugallymdan kömek sorap biljekdigini aýdyň.
  • Çagaňyzyň mekdepde çekýän kynçylyklarynyň üstünde gereginden artykmaç dursaňyz, sizden uzakda wagty özüni ynamsyz duýar. Bu bolsa onuň her gün we yzygiderli ýagdaýda mekdebe gelip gitmegini kynlaşdyrar. Şonuň üçinem ýüze çykýan kynçylyklary mugallymyň kömegi bilen wagt ýitirmezden çözmäge çalşyň.
  • Her gün mekdepde bolup geçýän wakalar bilen gyzyklanyň. Ýörite wagt aýryp, onuň berjek gürrüňlerini diňläň. Gerek ýerinde baş atyp, aýdanlaryny makullaň. Begenjini we gynanjyny paýlaşyň. Çagaňyz özüniň üns bilen diňlenýändigini duýsun! Oňa «Bu gün nähili geçdi?», «Mugallymyň, dostlaryň/joralaryň bilen nämeler etdiň?» ýaly soraglar beriň. Şeýle etmek bilen ony köşeşdirip, okuwa çalt öwrenişmegine kömek ediň. Emma okuwdan soň fiziki hem ruhy taýdan ýadaw bolup, onuň asla hiç zat gürrüň beresi gelmänem biler. Şeýle ýagdaýda sabyrly bolup, oňa az-kem dynç alara maý beriň. Goý, ol siziň bilen islän wagty gepleşsin!
  • Mugallymyň öýe tabşyran ýumuşlaryny ýerine ýetirip ýetirmändigini anyklaň. Bu babatda kynçylyk çekýän bolsa, ony belli bir wagta çenli ugrukdyryp bilersiňiz. Sapakda geçilenlere we berlen ýumuşlara doly düşünmedik ýagdaýynda, mugallymdan gaýtadan soramaga çekinmeli däldigini öwrediň.
  • Her okuw gününiň öň ýanyndaky agşam çagalaryňyzyň egin-eşiklerini we mekdebe äkitmeli goşlaryny, şol sanda sumkasyny we okuw esbaplaryny öňünden taýýarlap goýmaga kömek ediň. Belli bir wagtdan soň bu onuň adaty endigine öwrüler.
  • Çagaňyzyň okuwa degişli islendik ýagdaýy, şol sanda ýetişigi we terbiýesi bilen kanagatlanmaýan bolsaňyz, bu barada onuň özüne ruhdan düşüriji sözleri aýtmaň. Munuň bilen baglylykda, mekdebe baryp ýa-da telefon arkaly mugallymy bilen maslahatlaşyp duruň.

Birnäçe hepdäniň içinde çagaňyz mekdebiň ähli düzgünlerine we ýokarda agzalyp geçilmedik beýleki ýagdaýlara ýuwaş-ýuwaş öwrenişer gider. Siz esasan şuňa üns bermeli: çagaňyz okuwa näçe höwesli, bilesigeliji, işjeň, sagdyn, tertip-düzgünli, okuw esbaplary ýerbe-ýer başlasa, özüňize we çagaňyza şonça-da peýdalydyr.
Durmuşda ençeme syrly gapylary açjak kiçijik körpelerimize we olaryň hormatly ene-atalary bolan size diňe şowlulyk we üstünlik arzuw edýäris!

Täze okuw ýylyňyz düşümli bolsun!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s