Çagany bigaýrat we özüne ynamsyz ýetişdirmegiň ýollary

  • Çagalaryňyzdan islendik zady ýokary derejede ýerine ýetirmegini talap ediň
  • Edýän işlerinden hökman, ýöriteläp bir kemçilik tapyň we kemçiligiň gaýdyp gaýtalanmazlygy üçin berk duýduryň
  • Olary goňşyňyzyň ýa-da garyndaşlaryňyzyň ýitije çagalary bilen yzygiderli deňäň
  • Uly iliň öňünde kemçiliklerini ýüzüne aýdyň,utandyryň
  • Islendik bir edýän işinden kemçilik tapyň

Danieliň ejesi bilen eneli-ogul bagy hernäçe berk bolsa-da, kakasy bilen arasy o diýen gowy däl-di. Şonuň üçin hem mekdepde ýüze çykan şatlykly ýa-da gaýgyly wakalary, hadysalary öňi bilen ejesine gürrüň berip, ilki onuň bilen paýlaşardy.
Ine, ýene bir gün surat mugallymynyň tabşyran öý işini ýerine ýetirip, ony ejesine görkezmek üçin aşhana otagyna bardy. Eli kofeli kakasy telewizorda agşam habarlaryna tomaşa edýärdi.
Daniel kakasyna ünsüni sowman, suratyny ejesine görkezmek bilen boldy. Ikinji synp okuwçysy bolmagyna seretmezden surat çekmekde aýratyn bir ukyby bardy. Suraty örän gowy çekerdi. Ejesi ogluny oturgyçda oturtdy we çeken suraty bilen gyzyklanyp başlady.
Ejesi:
– Daniel,bu guş ejesine garaşýarmy?
Daniel:
– Howwa-diýdi tolgunma bilen.
– Seret eje, bu pişik hem çagalaryny towuga çokdurmajak bolup gorap dur-diýdi begenç bilen.
Ejesi uzyn-uzyn çyzyklary görkezip:
– Boýy has uzapdyr, belki, köp suw berlendir-diýdi.
Daniel möhüm bir maglumatyň üstüni açan ýaly:
– Ýo-ok, bulary garmonlapdyrlar (dermanlapdyrlar), indi näme etselerem boýuny gysgaldyp bilenoklar-diýdi.
Eneli-ogul arasynda emele gelen bu gürrüňdeşligi gapdaldan göz gytagy bilenem bolsa synlap kakasy ejesiniň ümi bilen özüniň hem ogly bilen gyzyklanmalydygyna düşündi.
Kakasy:
-Hany, gel bakaly Daniel, nämeler çekdiň, menem göreýin-diýdi.
Danieliň bolsa ejesi bilen dowam edip duran gürrüňini bölesi gelmedi. Kakasyna üns bermedi.Kakasynyň gaýtalap çagyrmagy bilen islegizlik bilen onuň ýanyna gitdi.
Kakasy Danieliň elindäki surata gözi düşenden göwniýetmezlik we içýakgyç gülki bilen:
-Ýeri Daniel, bu näme how,sen boýny tasmaly towugy nirde gördüň? Tasma diýeniň itlere dakylar, oglum – diýdi.
Daniel kakasynyň diýenlerine jogap hem gaýtarmak islemedi, ýogsa-da towuklara tasma dakylmaýandygyny onuň özü-de bilýärdi.
-Baý-bo! Agaç diýip çekeniň erbedem däl eken welin, emma bular agaç däl-de uzyn-uzyn syryga meňzäpdir-le. Muňa kim agaç diýsin-äý. Eý ho, bu näme how, maýmynyňam alma agajyna çykyp oturşyny nirde gördüň?-diýdi.
Danieliň ýüzi gyzardy, hamsykdy. Içinden bolsa ,,Allajan, kakam şu öýden bir dep bolup gitmezmikä!?-diýdi.
Ejesine göz astyndan seretdi. Kakasyna zordan ,,bolýa..,bolýa.., kaka” diýip bildi.
Şol günden soňra çekenje suratlaryny ejesine görkezmek üçin kakasynyň ýok pursatyna garaşdy.

Eden işlerine göwniýetmezçilik etmäň.

Kakasy Meri atly gyzyna bazardan arzanja gurjak sowgat aldy. Kiçijik gyzjagaz entek ömründe hiç gurjakly bolmansoň, muňa kaýyl boldy. Çünki mundan hem has owadan gurjaklaryň bardygyny görmändi. Ol gurjagyna derrew bir köýnek tikip geýdirmegi ýüregi düwdi. Munuň bilen hem gurjajygyny geýindirmek hem-de öz ukybyny görkezmekdi. Ylgap ejesiniň ýanyna bardy we ejesinden bir bölek mata sorady.
Ejesi:
– Mata nämäňe gerek?- diýdi
Meri howala bilen:
– Gurjagyma köýnek tikjek- diýip jogap berdi.
Ejesi kemsidiji ses tony bilen:
– Güm bolsanaý, bir garyş boýuň bilen sen nire köýnek tikmek nire- diýip jogap berdi.
Meri gam-gussa börenen hem bolsa, o diýen umytsyzlyga düşmedi. Ýene bir oňaýly pursata garaşdy. Bu pursat uzak garaşdyrmady. Kakasy şol gün işe gyssagly gitmeli boldy. Şonuň üçin hem iş stolyny we otagyny tertiplemäge ýetişmedi. Ine, Meri derrewjik kakasynyň otagyndaky pytrap ýatan zatlaryny ýeke-ýekeden irinmän ýerli ýerinde goýdy. Soňra oturyp kakasyna hat ýazdy. ,, Mähriban kakamjan, seniň otagyňdaky zatlaryň ählisini ýerbe-ýer goýdum. Mundan soňra otagyňy men ýygnajak, sen ýygnaşdyryp ýörme. Seni örän gowy görýän.
Kiçijik sekretaryň Meri.
Bu haty konwerte salyp, ony stoluň üstünde, kakasynyň gözi düşäýjek ýerde goýdy. Agşamara kakasy işden gelende Meri onuň iş otagyna derrew geçmegini tolgunç bilen garaşdy. Kakasy iş otagyna girip barýardy. Meriniň ýüregi çalt-çalt urýardy. Ony gözleri bilen otagyna ugratdy. Kakasynyň goýan ýerinden bellik depderini tapmady. Birden çasly sesi bilen:
– Belli depderim nirde?- diýip gygyrdy.
Kiçijik Meri şeýle bir gorkdy welin,gorkudan ýaňa depderi ýygnap goýan ýerinem unudaýdy. Näme jogap berjeginem bilmän:
– E..,neme, janym kakajan, ymm…-diýip, gorkudan ýaňa peltekläp sözlemi gutarmaga mejaly galmady.
Çaganyň bu halyny görüp kakasy has-da gaharlanyp:
– Depderimi näme etdiň, bol tiz tap!- diýip, gyzyna topuldy. Gulagyny çekip, ganjartdy.
Awunan Meri aglamaga başlady. Kakasy bolsa gaharly sesi bilen gyzyna käýeýärdi:
– Sen kimden sorap meniň jaýyma girdiň? Kimden sorap kagyzlaryma eliňi urýaň?
Kakasy iş stolynyň başyna geçen hem bolsa gahary ýatyşmandy. Daş töweregini gözläp oturşyna papkalarynyň astyndan bellik depderini tapdy. Depderini alyp otagyndan çykyş ugruna gorkudan ýaňa otagyň burçuna gysmyljyrap duran gyzyna gözi düşdi. Gyzynyň başyna dikilip:
– Sen bu elimden aňsat sypdyň, eger ýene meniň otagyma gireniňi göräýsem, seni öldir ýaly ýenjerin,eşitdiňmi meni!- diýip gygyrdy.
Meriniň kakasyny söýgüsi we ynamy ýitdi. Bu niýetine ýalňyş düşünen kakasyny mundan soň hiç halamady. Kakasy işe gidensoň onuň otagyna girip söýgi bilen ýazan hatyny gözýaşlary içinde ýazan hatyny çöptorba taşlady. Şol günden soň Meri kakasyna özüniň gaýratyny we başarjaňlygyny görkezjek hem bolmady.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s