Alymlaryň telewizora bolan garaýyşlary

Ankara uniwersitetiniň medisina fakultetine degişli bolan ylmy-barlag hassahanasynyň beýni hirurgiýasy bölümüniň başlygy Ysmaýyl Hakky Aýdyn telewizoryň adamlaryň beýni funksiýalaryny üýtgedip, pikirlenmek, akyl ýetirmek we karara gelmek ukyplaryny azaldýandygyny ýazýar. Ol telewizorlaryň ýaňy ösüp barýan jemgyýetlerde has köp seredilýändigini nygtamak bilen “Günbatarda “tentek guty” diýip aýratynlandyrylýan telewizor uzak wagtlap seredilende, beýniniň akyl ýetiriş başarnygynyň, pikirleniş ukybynyň, karara gelmek güýjüniň düýbünden hereketsiz durmagyna sebäp bolýar. Gurluşy taýyndan satellit we sputnik ýagdaýynda bolan beýni tutuşlugyna täsirine düşen obýektiniň ygtyýaryna geçýär” diýip belleýär.

Aýdyn erotiki we rehimsizligi ündeýän çeper filmleri esasan-da, terbiýesi pes derejedäki adamlaryň görýändigini ýazmak bilen bir hatarda şulary-da nygtap geçýär: “Gandöküşikli filmleri we erotiki programmalary, wezipesi we derejesi näme bolsa bolsun, sözüň doly manysynda bisowat, beýnisiniň işjeňligi pes adamlar görýändirler. Bu hili filmlere çakdanaşa seredýän kişileriň garmoniki deňagramlylyklary bozulyp, önelgesizlige, hatda beýnide çişleriň döremegine-de sebäp bolup bilýär”.

Telewizorda berilýän reklamalar hem örän dawwaly mesele. Gündelik teleýaýlymyň 12-15%-ni eýelän reklamalaryň örän az bölegi peýdaly iýmitlere aýrylýar. Munuň tersine, süýji, şokolad we tagamly kökeler ýaly peýdasy az bolan iýmitleriň reklamalary gaty köp berilýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s