3 yaşyna çenli çagalara nahili terbiýe berilýär?

Aslynda, ähli maşgalada çaga 3 yaşyna çenli ene-atalary gaty sabyrsyzlandyrýar we her hili duýdansyz ýagdaýlar bilen garşylaşdyrýar. Meselem getirsek, çaganyň ilkinji gülüşi, ilkinji sözi, oýnamasy, oturmasy, yöremesi, ilkinji dişleriniň çykmasy ähli hossarlary sabyrsyzlandyrýar. Ýagny çaganyň ilkinji ýylyndan başlap azda bolsa çaganyň terbiýesiniň gowy bolmasy üçin ene-atalaryň belli bir maglumatlary bilmesi we jogapkärçilikli bolmaklygy hökmanydyr. Mysal üçin aýdanymyzda oýunjaklarynyň dogry saýlanylmasy, özleriniň ýaşyna göre oýunlaryň oýnadylmasy, şol ýaş aralygynda öz aralarynda nähili gatnaşykda bolmagynyň gerekdigi hakyndaky belli bir maglumatlary hökmandyr.

Çagalar 0-3 ýaş aralyklarda diňe şatlykly ýagdaýlar gabatlaşman, eýsem gaty birahat bolan ýagadaýlaram bolýar, ýagny çaganyň kän aglamasy, diňe öz islegleriniň bolmagy ýaly ýagdaýlarda bolýar. Bu ýagdaýlar bilen her bir ene-ata hökman gabatlaşýar.  Şol sebäplide, alymlar çaganyň özüniň tebigatynyň ösüşine görä belli bir basgançaklara bölüpdirler we ol basgançaklarda hossarlaryň nämelere üns bermelidigi barada belläp geçyärler.

  1. Çaga eýýäm bir ýaşyndan başlap sözlük ambaryny işledip başlaýar, ýagny çaga daş töwerigindäki gepleşiklerden  belli sözleri öwrenmäne başlaýar. Bu yaşda hossarlaryň esasy dykgat etmeli zatlary çagalary bilen ellerinden geldigiçe köp wagt geçirmeli, nähili bolsa-da ähli sözlerine we hereketlerine jogap bermelidirler, öz aralarynda dogry we düzgün gepleşikleri ýola goýmalydyrlar.
  2. Çaga eýýam 2-3 ýaşynda predmetleriň atlaryny we reňklerini, haýwanlaryň atlaryny we reňklerini öwrenmäne başlaýar. Bu ýaş aralygynda hossarlaryň esasy dykgat etmeli zady ähli daş-töweregindäki zatlaryň atlaryny dogry sözlemeli we her predmetiň name üçin gerekdigini azda bolsa düşündürmelidirler. Çünki ol ýaş aralygynda çagalarda ýalnyş we dogry diýen zat bolmaýar. Çaga ähli aýdylan zatlary dogry kabul edýär we aýdylyşy ýaly öwrenýär.
  3. Çaga eýýäm 3 ýaşynda daş-töwerigindäki dünýani işjeň öwrenmäne başlaýar. Kän soraglar bermäne başlar, öz isleýşi ýaly oýnamana başlar. Bu ýaşda bolsa hossarlaryň esasy dykgat etmeli zady çaga daş-töweregini tanamasy üçin belli bir çäk goýmaly däldirler. Olaryň soraglaryna ellerinden geldigiçe işjeň jogap bermelidirler. Eger çaga bardy-geldi ýykylyp ýada bir işi özi etjek bolsa, hökmany suratda olara özleriniň aýaga galmasy üçin we özleriniň islän zatlaryny etmesi üçin pursat dörediň. Ýagny çaganyň özi kömek soramasa, olara kömek etjek bolmaň. Bular ýaly ýagdaýlar çaganyň gelejekde öz başlaryna galyp bilmezlik we karar alyp bilmezlik ýaly ýagdaýlara sebäp bolyar.

Esasanda, çagalarda 0-3 ýaşda knestetik döwri bolýar. Ýagny çagalarda  aýry-aýry beden we myşssa duýgularynyň hem-de zehin duygularynyň güýçli ösýän wagtydyr. Esasan, ene-atalar bu döwürde çagalarynyň hereketlerine we oýunlaryna köp üns bermelidirler. Ýagny çaga bu dowürde  näçe köp oýnap hereketde bolsa, bu onuň zehininiň ösmegine has täsirlidir. Mundan başga-da maşgala arasyndaky gatnaşyklarada gowy üns bermelidirler. Çünki çagalarda ýokarda aýdyşymyz ýaly yalnyş diyen bir düşünje bolmaýar, olar ähli zady dogry hasap edyärler. Şol sebäpli çaganyň kiçi bolmasyna seretmezden, olara doglan wagtyndan başlap, ähli hereketlerine, sözleýişine, terbiyesine üns berilmelidir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s