Ekindäki ýangyn

Nowruz aýynyň sowuk bir günüdi. Ýary gije obaň çetindäki ekinlikden alowlar görnüp başlady. Ähli oba adamlary aljyraňly ýagdaýda ýangyna tarap ylgadylar. Ekinleriň eýesi, aýaly we çagalary ýangynyň güýjäp gidişini görüp aljyrap durdylar. Bu ýangyn ojakdan uçan uçgun bilen başlanypdy. Az wagtyň içinde olaryň öýlerini, ammarlaryny, samanlyklaryny we ahyllaryny kül edipdi. Ekiniň eýesi gamgyn halda ýanyp gutaryp barýan zatlaryna seredip durdy. Aýaly we ogly gorkup aglaşýardylar. Goňşylaram gynanýardy.

Biri:

“Obamyzda bir maşgala kyn güne düşdi. Bu örän gynandyryjy ýagdaý”-diýdi.

Başga birem:

„Bulara hökman bir çykalga tapmaly. Ýogsam kynçylyga, garyplyga duçar bolan maşgalany görüp ýörmek bize-de gaty agyr deger.”

Obaň ýaşulysy:

“Gynanmaň, ölümden başga hemme zadyň bir çäresi bardyr. Ertire bir çykalyň”-diýip maslahat berdi.

Ertesi ir bilen ähli obaň adamlary öz işlerini taşlap, ýanan meýdana geldiler. Pil, kätmen, çarşak, dyrmyk… garaz ýerli ýerden agzybirje işläp ýanan meýdany arassaladylar. Ähli oba adamlary agyz birikdirip, ekinleri täzeden ekdiler, ammary we samanlygy täzeden gurup doldurdylar.

Ekiniň eýesi we aýaly begençlerinden gözleri ýaşly hemme adamlara minnetdarlyk bildirýärdiler.

Obaň ýaşulysy:

„Bu zatlar üçin minnet duýmak gerek däl. Biz oýlanyp gördük we siziň düşen ýagdaýňyza bolan gynanjymyzy ýüregmizde göterip ýörmekden, size eden ýagşylygmyzyň begenjini ýüregmizde götermek has gowy bolar diýdik.”   

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s