Iň gowy eje

Gyssaglydym. Egnimdäki täze geýim­lerimi hem çykarman, naharhana   girdim.

Dört ýaşlyja gyzjagazym bolsa, tele­wi­zordaky saza goşulyp çyny bilen tans edýär­di. Ýygnaga gija galýanym üçin men oňa üns hem bermändirin. Emma içimden bir ses maňa “Dur” diýýän ýalydy. Men içim­­dä­ki şol sese gulak asyp, bir salym dur­dum. Gyzymy synladym. Onuň elinden tu­tup, men hem onuň bilen tans edip ugra­dym.

Biziň bu tansymyza ýedi ýaşly gyzym hem goşuldy. Biz üç bolup naharymyzy ýat­dan çykaryp heziller edip tans oýna­dyk. Gülüşdik, dönüp-dönüp tans etdik…

Meger bizim bu gohumyza goňşular hem birahat bolandyr?

Biziň tansymyz tamam boldy. Men gyzlarymyň başyny sypap, ýaňaklaryndan öpdüm-de, olary hammama ýolladym. Ýygnak ýadyma düşensoň,  galam-kagyz­larymy ýygnaşdyrmaga başladym. Şol wagtam kiçi gyzym uýasyna ýüzlendi:

-Iň gowy eje biziň ejemiz gerek, şeýle dälmi?

Meniň süňňüm elenip gitdi.  Durmuşyň hiç haçan gutarmajak işlerine aldanyp, tas şeýle bagtly pursady sypdyran ekenim.  Şu wagta çenli işimde gazanan ähli üstünlik­lerim hem bu sözleriň ornuny tutup biljek däldi.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s