ENELER BARADA (3)

Ýene bir gahryman eneler bar. Olaryň tarypyny ýetirerden ynsan sözüniň güýji ejiz. Perzent, perzent diýip didaryna ýetip bilmedik biçäre ene gider-de, “ene” adyny ýere çalyp, bagryndan önen jigerbendini taşlap giden bir doňýüregiň ýetimje çagasyna – “ejem ynha geler” diýip, gözi ýolda galan perzendine eýe çykar. Ony öz balasy deý ýetişdirer. Çaganyň ýatdygyny ýigit çykanyndan soň ne onuň özi biler, ne-de iliň habary bolar. Beýle ene: “Bu çaganyň atasy näbelli, enesi näbelli, özüniň kim bolup ýetişjegi asla-da näbelli” diýip howatyr etmez. Ol öz ene söýgüsiniň güýjüne, onuň aklyňy haýran edýän gudratyna bil baglar. Beýle söýgi siňdirilen perzendem gaýratly “enesiniň” ýüzüni ýere salmaz. Ony dili gysga etmez. Ony ýat diýip iteklemedik, keseki diýip keseklemedik “enesini” özüni dogran eneden ileri tutar. Dogran ene aňyrda dursun, dünýäniň ähli enelerinden eziz hasaplar. Ene söýgüsiniň beýle gudratyny göreniňde, ähli eneleriňem perzentlerini şol ogullygy ogul eden enäniň söýgüsi bilen söýenlerini isleýäň.

Mähribanlar! Çagalaryňyzy köçä kowmaň, olardan mähriňizi gysganmaň, ene söýgüsiniň gudratyny reýgan etmäň. Goý, perzentleriňizem sizi utanmaly etmesin! Goý, perzendi sebäpli utanan enäni, ýüzüni ýere salan enäni, dili tutulan enäni älem-jahan görmesin!

Eý mukaddes gymmatlyklar üçin, Watan üçin, ar-namys üçin iner ýaly ýigitlerini bagyş eden eneler!

Eý, Gökdepede perzendi wepat bolan eneler!

Eý, jahan uruşlarynda balasy gurban bolan ezizler!

Eý kesek astynda galyp şehit bolan gahrymanlar! Goý, siziň ruhuňyz şat bolsun, mekanyňyz jennet. Hakyň Resulynyň bir hadysynda aýdyşy ýaly: “Jennet eneleriň aýaklarynyň aşagyndadyr”. Bu sebäpden aýagyňyzyň tozy göze sürme, oňa sürtülen ýüz bolsa arşyň işigindäki baş ýaly belentdir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s