Täze tehnologiýa esbaplary çagalara nähili zyýan ýetirýär? (2)

Hindistanda amala aşyrlan bir başga ylmy barlagynda rak öýjüklerini anyklap ýok edýän goraýyş ulgamynyň bu elektrikmagnit tolkunlar bolan ýerde doly derejede oňaýly işlemeýändigi görkezdi. El telefonyny ulanmaýanlaryň bedeninde 4% derejede DNA zeper alýan bolsa, ulanýarlarda bolsa ortaça 40% derejede DNA zeperi alýandygy anyklandy. Bu bolsa ösen rak öýjükleriniň has köp sanda döräp, aňsatlyk bilen ulalmaga dowam etmegini aňladýar.

Eşitmek duýgysyny ýitirmegiň sebäbi bolup biler

2008-nji ýylda Amerikanyň Gulak Burun Bokurdak Akademiýasy günde bir sagat ýa-da ondan köp el telefonyny ulanan kişilerde eşitmek duýgysynyň ýitirme ähtimallygynyň artýandygyny bellediler.

Gözlere hem zeper  ýetirýär

Ýuta Uniwersitetinde amala aşyrlan bir barlagda el telefonlaryň ýaýýan güýçli mikrotolkunlaryň esasan çagalaryň gözüniñ görejine çenli ýetýändigi mysalynda has uly zeper berýändigini görkezdi. Muňa meňzeş barlaglarda bu tolkunlaryň göz dokumasyna täsir edip, katarakta ýaly kesele ýol açyp biljekdigi anyklandy.

Bu meseläniň ýaramaz tarapy muňa meňzeş şöhleleriň döredýän zeperleri birnäçe ýyldan soň ýüze çykmagydyr. Bu esbaplaryň ulanylşy has ýakyn geçmişde başlandygyny pikir etsek, bizi we çagalarymyzy gelejekte näme garaşýanyny doly derejede bilmeýäris. Muňa garamazdan köp ýurtlarda bu mesele boýunça gözegçilik üçin kanunlar hem ýok. Bu sebäpli bar bolan maglumatlary öwrenip özümize we çagalarymyza degişli kararlary almagymyz gerek.

Dykkat edilmeli çäreler:

  • Elektromagnik şöhleleri ýaýýan muňa meňzeş esbaplardan kiçi çagalarymyzy, iň azyndan 12 ýaşyna ýetýänçä uzakda saklamaly.
  • 13-20 ýaş aralygynda hem ulanyş mümkin boldygyça azaldylmalydyr, hökman ulanmaly bolsa hem sms bilen ulanmagyny ýola goýmaly.
  • Simsiz modemlerimizi öýde şol wagt ulanylmaýan bolsa, öçüriň we goňşylaryňyzdan hem öçürmeklerini haýyş edip bir karara alyň.
  • El telefonlaryňyzy çagalaryňyzdan ýygnaň. Aramyzda “Wah, ol telefony gaty gowy görýär” diýjekler bolup biler, emma bir zat bellidir, olam ene-atanyň köp meselelerde kararly bolmaklary bu meselede hem esasydyr. Çaga görmeýän zadyny isläp bilenok. Käbir önümler el telefonyň radiasiýasyny peseltýändigini aýdýarlar, emma muny abraýly guramalar tarapyndan çäre hökmünde tassyklanylmadykdyr.

Elbetde el telefonlarymyzy we internet aragatnaşygymyzy hapa bedrä atyp bilmeris. Emma biziñ işlerimizi tizleşdirýän we özüne maýyl edýän bu esbaplaryň zyýany çagalarymyzdan çykmaz ýaly zerur çäreler görülmelidir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s