Täze tehnologiýa esbaplary çagalara nähili zyýan ýetirýär? (1)

Dr. Gökhan Mamur, bir näçe ýyllaryň dowamynda zyýany hakynda çekeleşilen el telefony, simsiz internet we täze tehnologiýa esbaplaryň çagalara ýetirýän oňaýsyz täsirleri we öňüni alyş çäreleri hakynda maglumat berdi.

El telefony, simsiz internet we öýlerimizdäki simsiz telefon ýaly esbaplar durmuşymyza şeýle bir ornaşdy; käwagt olar ýok wagty biz nädip ýaşadyk, nädip işlerimizi edýärdik diýip haýranlyk bilen pikir edýäris. Emma şuny hem belläp geçmeli; durmuşda hiç zat mugt bolmaýar.

Ýurdymyzda el telefony bilen 1990-njy ýyllaryň ortasynda tanyşdyk we bu täzelikleri jemgyýetimiz aňsatlyk bilen kabul etdi. Internet bolsa o döwürde entäk täze, ady diňe dillerde gezýärdi we bir näçe ýyl soň ADSL we WIFI bilen tanyşdyk.

Bu enjamlary we ulgamlary ýeňillik bilen kabul etdik, emma zyýanlarynyň barlygy ýa-da ýoklygy hakynda bilýänizmi?  Elektromagnit tolkunlary ýaýradýan bu enjamlar  çagalarymyzyň saglygyna geljekte oňaýsyz täsir edermi?

Kelle agyrlary

El telefonlary işleýän wagty her tarapa mikrotolkunlary ýaýýar. Amala aşyrlan barlaglarda bu tolkunlaryň süňk we ýumşak dokumalarda bir näçe santimetr geçýändigi we energiýasynyň hem o ýere, ýagny beýin we nerw dokumasyna siňýändigini aýan edildi. Uzak wagtyň dowamynda telefony gürleşmek arkaly ulanyşlaryň (munyň kesgitlemesi alty minut we ondan köp ulanyşlardyr) gulak we  beýin dokumasynyň gyzgynlygyny ýokarlandyrýandygy we kelle agyrmagyň sebäbi bolmagy, biziň aňsatlyk bilen duýup biljek täsirlerindendir.

Amerikanyň Pediatrlar Akademiýasy çagalaryň dokumalarynyň entäk inçe we ýumşak bolandygy sebäpli bu elektrikmagnit tolkunlar olara has aňsat täsir edýändigini belleýärler. Beýin dokumasy bolsa 20 ýaşa çenli ösmegini dowam edýän dokumadyr, ýagny onuň gurluşy şol wagta çenli dowam edýär. Gurluşyň dowamynda gatlar çykanda dowamly titremeler dörese, onda o gurluşda bir öňaýsyzlyklar döremeginiň mümkinçilikleriniň artmagy bilen bilelikde durnuklylygy hakynda şüphelenip bileris.

Aslynda bu düşünjäni bir näçe işler arkaly goldap bileris. Ynsanyň bedeninde her gün rak öýjükleri döreýär, emma olar goraýyş ulgamy tarapyndan anyklanyp, ýok edilýär. Eýsem 2008-nji ýylda Şwesiýa bilim adamlary tarapyndan amala aşyrlan bir barlagynda 20 ýaşdan öň el telefonlary ulanan kişilerde beýin çişiniň (gliom) we eşitme duýgysyny ýitirmäge getirýän rak keseliniň (akustik nörom) emele gelmeginiň derejesi dört esse artýar. 20 ýaşyndan soň ulananlarda bolsa iki esse artýar. Bu bolsa tolkunlaryň ösýän beýine bolan täsiriniň has köp bolýandygyny görkezýär. Bu işleri alyp barýan bilim adamlary 12 ýaşdan kiçi çagalaryň el telefonlaryny ulanmazlygyny maslahat bermek bilen birlikde 12 ýaşdan ýokary çagalaryň has köp sms bilen aragatnaşyk etmekleriniň zerurlygyny bellediler.

(Dowamy bar)

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s