Zyýansyz Endik OKAMAK

Saňa bir soragym bar! Özem diýseň ýönekeý.

Ynsan nähili pikirlener?

Soragyň jogaby soragdan hem ýönekeý. Jogap, Sözlemler arkaly. Ýagny sözlemleri emele getirýän sözleriň kömegi bilen. Eger size bir günüň dowamynda hiçhili geplemän dymyp gezmegiňizi talap etseler kösenmän ýerine ýetirersiňiz.

Onda bir sagat pikir etmän gezmegiňizi sorasalar bu ýumuşyň üstesinden gelip bilermisiňiz?

Elbetde, ýok. Eýsem bir sagat däl, bir sekunt hem beýniňizden gelýän pyşyrdylara böwet bolup bilmersiňiz.

Diýmek, beýnimiz dymmagy başarmaýar. Ol elmydama öz işini ýerine ýetirýär. Öz islegine görä wezipesini togtadmaýar. Haçanda biz üstesinden gelmeli bir ýagdaý bilen gabat gelsek, bize çözgüt ýoluny görkezýär. Bu diýmek, beýnimiz aňymyzda bar bolan söz hazynamyzdan  bolanja sözleri bir ara getirip olardan çykan netijä görä bize buýruklar berýär. Söz hazynamyz näçe köp bolsa, şonçada garşymyza çykan islendik ýagdaýda birnäçe görnüşde, tapawutly pikirlenip bilmek pursadlaryny bize döredip berýär. Onda biziň söz hazynamyz, çeşmämiz näçe baý bolsa, durmuşda hem köp kynçylyk halatlarynda, şonçada başarnykly bolarys.

SÖZ hazynamyzy baýlaşdyrmanyň iň gysga ýoly elbetde kitap okamakdyr. Kitap okamak üçin bolsa ilki bilen okamak endigini gazanmaly.

Ine size, bu endigi gazanmanyň tilsimleri we bu endigiň siziň durmuşyňyza goşjak goşantlary barada gysgaça maglumatlar.

  • Kitap okamak endigi endikleriň şasy diýseň ýeridir. Okamak duýgusyndan juda düşmek, belkem bir ynsanyň durmuşyndaky iň agyr ýitgisidir. Ony ýitirmek, durmuşda bize peşgeş berilen sansyz nygmatlardan bihabar yaşamagymyz diýmekdir. Sebäp diýeniňde könelerimiz okamak duýgusyny we kitaplary, durmuşda näçe ýyllar geçsede hiç reňki solmajak güle meňzedipdirler we kitap okamak endiginiň, köp ýol ýörän ýolagçy mysaly, çaga sallançagynda başlap mazarda soňlanan, tarypy bolmadyk gymmatlykdygyny belläpdirler.
  • Bu sebäpden bir enäniň ýiten çagasyny gözleýişi ýaly biz hem kitap okamak duýgusyny gözlemelidiris. Aslynda kitap okamak edil dem almak, suw içmek ýaly gündelik durmuşyň tebigy zerurlyklaryndan biridir. Adamzat günüň belli sagatlarynda aç galmaz ýaly dürli önümleri iýmek bilen bedenini kuwwatlandyrýar, ybadatlaryny ýerine ýetirmek bilen ruhuny doýurýar we hut şeýlede kitap okamak bilen hem beýnisini iýmitlendirýär.
  • Durmuşyny gyzykly etmek isleýän, wagtyny has manyly geçirmek isleýän we düşünje taýdan ösmek isleýän her bir adam kitaba ýüz tutmalydyr.
  • Hatda durmuşa döz gelmegiň iň aňsat ýollaryndan biri özüňi kitaplar älemine gark etmekdir.
  • Kitap okamak ynsanyň täsin zatlary öwrenmek islegini kanagatlandyrýan we iň halaýan endigikleriniň biri bolmalydyr. Peýdalydygy subut edilen islendik kitabyň okyjylarda täze ugurlary özleşdirýändigi we özüni gurşap alýan älem-jahany has gowy tanamagyna mümkinçilik döredýändigi aýdyňdyr.
  • Adamyny adam edýän gymmatlyklaryň iň başynda kitap gelýändir we adamzada sowgat berilen pikirlenip bilmek ukyby bolsa, onuň daş-töweregindäki bütin janly-jandarlardan tapawudlandyrýan esasy artykmaçlygydyr.
  • Yeri gelende bellemi zat, birnäçe alym kitaplara bolan söýgüni şeýleräk wasp edipdirler. “Kitap okamak durmuşa düşünmegiň ynsanlara mahsus bolan ýeketäk tilsimidir”.
  • Kitap okamagyň islendik adama gazandyrýan artykmaçlyklary hakynda aýdylsa, haçanda herkim kitap okamagy endik edinse, onda ol kişi özüni ýalňyz duýmaz we kitaplar özüniň iň ýakyn dostlarynyň biridigine göz ýetirer. Hakyky okamak söýgüsini gazanan ynsanlar özleriniň iň bagtly pursadlaryny kitaplar bilen gyzyklanýan wagtlaryny hasaplarlar.
  • Kitaplardan  lezzet alyp okaýan okyjylar başga birileri bilen özara pikir alyşmaga diýseň höwesjeň bolýarlar we netijedede köpçülikde söz sözlemek ukybyny gazanarlar. Bu hem yaş okyjylaryň geljekgi durmuşlarynda öz pikirlerini daş-töweregine aňsatlyk bilen anyk beýan etmek ukyplaryny kämilleşdirer. Belkem käbir kitaplar ynsanyň aslynda bar bolan gizlin galan hasiýetini äşgär eder we ol kitabyň täsirinde galyp has hem ýaramly häsiýetleri bilen hereket edip başlamaklaryna sebäp bolar.
  • Jemläp aýdylsa, her adam kitap okamak endigini gazanmak üçin sabyr bilen ykjam ýapyşmaly, bu sebäpden köpräk kitap okamagym gerek diýen ýaly maksatlar goýmaly we kitaplaryň gadyr gymmatyna doly düşünmäge dyrjaşyp durmuşda kitaplaryň Hakykatlary tanamagyň hut özüdigine doly göz ýetirmäge synanyşmalydyrlar.

 

 

 

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s