ÇAGALARA GAHARLANMAZDAN TERBIÝELEMEGIŇ ÝOLLARY

Aslyna seredenimizde her maşgalanyň, her ene-atanyň özüne mahsus bir terbiýeleýjilik usuly bolýar. Ylmy barlag işleriň netijelerine görä  köp maşgalada  öňden gelýän usullar bilen çagalaryna terbiýe berýärler. Çaga terbiýesinde döwüre görä täzeçe usulyýetlerden we ýollardan peýdalanmak diýseň haýal amala aşyrylýar.

Emma psihologlaryň we pedagoglaryň garamagynda bu ulgamda köp peýdaly işler edildi. Eger çagalarymyz bize gulak asmaýanlary üçin gaharlanýan bolsaňyz, onda biziň çuňňur pikirlenip bu barada oňaýly çözüw ýollaryny tapmalydyrys. Olara nähili çemeleşenimizde sesimizi beýgeltmän, gaharlanmazdan özümizi diňletmegiň ýollaryny gözlemelidiris.

Çünki çagalar gelejegimiziň gülleridir, güllere bolsa tertibine laýyklykda seredilmese guraýarlar we  saralyp solýarlar. Şol sebäpli ol gülleriň gowy yetişmegi üçin olara mahsus şertler döredilmelidir.

Çagalara käýýemezden, sesimizi beýgeltmän nähili terbiýeläp bileris?

1. Çaga dünýä inen gününden başlap, olaryň ýanynda mylaýym, ýuwaş gürleşmegi başarmalydyrys.

Sebäbi çagalar biziň gürleýşimiziň ählisini bir pagta ýaly özüne çekip alarlar  we ýeri gelende ony sykyp çykararlar. Eger siz ýeke gezek bolsa-da olara  gaharlanyp ýa-da gaty ses bilen  bir zady aýtsaňyz, onda ol çagalarda başga bir hususy düşünjeler peýda bolmagyna ýol açar. Bu bolsa çagalarda her saparynda şeýle bolmaly diýen düşünjäni oýarýar. Netijede çagalar gygyrmasaň, gaharlanmasaň diýen etmän başlaýarlar.

2. Çagalarymyzdan çenden aşa talap ediji bolmalyň.

Çagalardan aşa talapkär bolmak, köp zatlary etmegini islemek, çagalaryň özüne bolan ynamyny azaldýar. Buda olaryň gelejekde çekinjeň, özüne ynamsyz bolmagyna ýol açýar. Çagalarymyzda näme kemçilik bar bolsa, olaryň sebäpkäri bizdiris, ýagny başda ene-atalary bolmak bilen we maşgala agzalarydyr. Şol sebäpden çagalardaky kemçilikleri düzetmek üçin hormatly ene-atalar ilki bilen özümize göz aýlamalydyryz.

3. Çagalarda gowy duýgy-düşünjeleri dörediň.

Çagalar öz ata-eneleriniň aýnasydyr. Biz ata-eneler aýnanyň öňünde näme hereket etsek, aýnada şony görkezer. Çagalarda edil şonuň ýaly bizden näme görseler şony gaýtalarlar. Şol sebäpden çagalarymyza hökmany suratda özimiziň gowy häsiýetlerimizi, ukyplarymyzy görkeziň (zehin, bilim, mähir, sungatda, sportda.. we ş.m). Çagalarymyza kiçi yaşlarda maddy üpjünçilikden öňürti olara ruhy, ahlak gözellikleri öwretmelidiris.

4. Çagalaryňyz bilen hemişe gürründeşlik ediň.

Gündelik durmuşuňyzda çagalaryňyz bilen gürrüňdeşlik gurmak hökmanydyr. Siz olara diňeje bir mugallym däl, eýsem bir dost hem bolmalysyňyz. Siz olaryň ynam güýjisiňiz we hemişe goldaýandygyňyzy görkezmelisiňiz. Şeylelikde çaga öz maşgala agzalary bilen gowy gatnaşygy saklar.

5. Çagalaryňyz bilen köp wagt geçirjek boluň.

Eger işiňiz näçe köp bolsa-da, çagalaryňyz bilen her gün birlikde wagt geçirmegi unutmaň. Olar bilen birlikde kitap okaň, oýun oýnaň we şuňa meňzeş zatlary ediň. Bu bolsa çagalar bilen araňyzdaky gatnaşyklaryň gowy, täsirli bolmagyna getirer. Çaga bilen maşgalada ýeterli derejede  gyzyklanylmadyk ýagdaýynda bu duýgylary olar daşarlardan almaga mejbur  galarlar.

6. Olaryň soraglaryny jogapsyz goýmajak boluň.

Kä halatlarda çagalar bermesiz soraglary berseler-de olara ylaýyk bir görnüşde jogap beriň. Olaryň soraglaryny jogapsyz goýmaklyk bilen gelejekde jogapkarsiz bir adam bolmaklygyna ýol açýarys.

7. Öz ýalňyşlaryňyzy boýun almagy başaryň!

Eger siz öz nädogry hereketleriňizi boýun almagy görkezip bilseňiz, olarda adalatlylyk duýgysyny oýararsyňyz.

Esasanda ene-atalar çagalarynyzyňda 6 yaşa çenli ýaş aralyklarynda bu temalarda örän  serasaply bolmalysyňyz. Sebäbi çagalarda 0-3 yaşda eýýäm özüne mahsus häsiýetleri ornaşmaga başlaýar. Şeýlelikde, ene-atalar çagalaryň öňünde özlerini nähili alyp barsalar, çagalarda olara şolar ýaly ýagny olaryň aýnasy bolmaga başlarlar.

Mähriban ene-atalarymyz,  şu ýokarda agzalanlardan gowy netije çykarsak, onda gowy ahlakly çagalary ulaldyp bileris diýip umyt edýärin.

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s