Sungat adamy kämilleşdirermi?

Öňki makalamda sungatyň manysyna düşünmäge synanyşdyk we adamzada edýän täsirleri hakynda aýdyp geçdik. Bu makalada bolsa sungatyň adamyň aň-düşünjesini we şahsyýetini kämilleşdirmeginde tutýan orny babatynda birki agyz söz aýdyp geçmekçi.

Dogry, sungat adamy kämilleşdirer. Bu kämilleşmegi hem esasy iki topara bölüp bileris: aň-akyl boýunça kämilleşme hem-de duýgy we ruhy taýdan kämilleşme.

Ilki bilen sungatyň aň we aklymyzyň goýylaşmagyna nähili goşant goşýanlygy barada aýdyp geçeli. Käbir adamlar döredijilikli eserleriň ýalňyz ylham we duýdansyz içiňde döreýän çyrag bilen döreýänligini pikir edip bilerler, ýöne aslynda aglaba ýagdaýlarda gözel sungat eserleriniň döremegi näçe ýyllyk tejribe we nije kynçylyklaryň aşylmagy arkaly miýesser bolýar. Sungatyň haýsy görnüşinde bolsa-da täze we özboluşly eser döretmeklik üçin ilki bilen o ugurda döredilen eserlerden habarly bolmak we olaryň aňladýan manysyna içgin düşünmek örän derwaýysdyr. Diňe ondan soň akylda galyjy özboluşly eserler döretmeklik mümkin bolup biler. Mysal hökmünde kino düşürmegi alalyň. Ilki bilen düşüriljek kinonyň gyzykly senariýasy we hekaýasy bolmalydyr. Senarist nähili hekaýanyň gyzykly boljakdygyny we tomaşaçylaryň ünsini özüne çekjekdigini bilmelidir. Operator kino sahnalaryny haýsy çüňklerden we burçlardan, nä dereje uzaklykdan surata düşüren ýagdaýynda sahnalardaky duýgulary tomaşaça has işjeň ýetirip biljekdigini çaklap bilmelidir. Rejisýor bolsa senariýasyndan sahnalaryna, sazlaryndan aktýorlaryň egin-eşigine çenli kinonyň hemme bölümleri arasyndaky sazlaşygy ýola goýmalydyr. Bu biri-birinden çylşyrymly wezipeleri ýola goýmak üçin edilmeli işleriň ilkisi öň düşürilen üstünlikli kinolaryň häsiýetlerini gowy seljerip, özüňe şo nusgalar boýunça sapaklar çykarmakdyr. Bu öwrenme hem diňe bir gezege mahsus däl, eýsem ömür boýy dowam edýän bir ýolagçylykdyr. Bu we başga sebäpler hem adamyň sungaty öwrenmek we döretmek arkaly, aň we aklynyň kämilleşmesinde sungatyň nähili uly täsirleriniň boljakdygy ikuçsyzdyr. Geçmişdäki sungat ussatlarynyň we olaryň yaşan ýerleriniň we jemgyýetleriniň taryhyny öwrenmek, eserlerdäki gowy we erbet häsiýetleri seljermek arkaly sungat eserlerini parhlandyrma ukubynyň pajarlanmasy we daş-töweregimizdäki hemme zatlara has aýratyn içgin nazar bilen seretmek we oýlanmak sungat bilen meşgullanmagyň peýdalaryndan diňe käbirleridir.

Sungat diňe aklymyzy däl, eýsem ruhymyzy we duýgularymyzy hem kämilleşdirer. Aslynda sungat aklymyzdan has öňürti duýgularymyza seslenýär diýsek hem ýalňyş bolmazmyka diýýärin. Sungat bizi agladýar, güldürýär, bilesigelijiligimizi oýandyrýar, gorkuzýar we başga-da ençeme duýgulary başdan geçirmegimize sebäp bolýar. Biz hem ençeme gezek söýýän aýdymlarymyzy diňlän mahalymyzda geçmişdäki günlere hasrat, dost-ýarlarymyza bolan intizar ýaly ençeme duýgulary başdan geçirendiris. Edebi kitaplar hem bizi näçe gezek öýümizden alyp okeanyň ortasyndaky adajyklara, ýeriň aşagyndaky gaýnap duran magmalara, Himalaýa dagynyň depelerine, tropiki tokaýlara we beýleki galaktikalaryň ümmülmez çuňluklaryna ýolagçylyga çykarandyr. Başda bize düşnüksiz ýaly görünýän, “nämä meňzeýänligi hem belli däl, sungat bu bolsa muny menem ederinläý” ýaly iç gepleşmeler döredýän döwrebap surat eserleri (modern art) hem bizi beýnimiziň içindäki öwrümlerde aýlandyryp, eseriň içinde ýatan manylar barada pikirlendirip, bilesigelijiligimizi oýandyrýar we sungatyň hakykatda nämedigi barada soraglar soradýar. Sungat daş-töweregimizi gurşap alan älem jahany jikme-jik edip seretmegimize iterýär, hemme ownuk we maýda ýalyjak görünýän zatlara hem uly ähmiýet bilen garamagymyzy netije berýär. Bu hem ýaşaýşymyzdan has köp lezzet almagymyzy we az-köp diýmän bize degişli bolan zatlaryň gadyryny bilip, şükür etmegimize ýardam edýär. “Ýagşy gören ýagşy pikirlener, ýagşy pikirlenen hem ömründen lezzet alar” sözüniň aňladýan manylaryndan biri hem bu bolsa gerek.

heart shaped pink and purple flower gardenBu makalamyň hem soňuna geldik. Bu makalada sungatyň adamyň aň-düşünjesini we şahsyýetini kämilleşdirmeginde tutýan orny barada aýdyp geçdik. Indiki makalamda bolsa çaga terbiýesinde sungatyň ähmiýeti barada ýazmakçy. Okanyňyz üçin sagboluň.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s