ENE–ATANYŇ ESASY ÜNS BERMELI MESELELERI

Häzirki döwürde birnäça kitaplarda ve makalalarda çaga terbiýesi barada birnäçe maglumatlar berilyär. Bu bolsa adamzat we nesli üçin uly bir mümkinçilikdir. Her bir ene-ata bolsa, bu mümkinçiliklerden giňişleýin peýdalanyp bilerler. Şeýle hem çagalaryň düşnükli we düşnüksiz hallaryna düşünmägä, çagalar bilen umumy dil tapmagyň ýollaryny öwrenmäge we başgada birnäçe meselelere degişli peýdaly maglumatlar bardyr. Biz bolsa bu makalamyzda nesilmiziň aň we psihologiki taýdan ýeterlikli derejede terbiýe almagy üçin maşgalada esasy haýsy ýagdaýlara üns berilmelidigi barada maglumat bermek isleýäris.

ÇAGA WE ATA-ENÄNIŇ ARASYNDAKY ÝÜZE ÇYKÝAN KYNÇYLYKLARY ÇÖZMEGIŇ ÝOLLARY

Çaga bilen ata-enäniň arasyndaky düşünişmezlikler ýaşlarynyň ulaldygyça ýagny üç ýaşdan soňra köp ýüze çykyp başlaýar. Sebäbi çaga üç ýaşlarynda gürlemäge başlaýar, köp işlerde oňarmasalarda özbaşdak etmegi ögrenmäge, dünýäni özüçe tanamaga başlaýar. Muňa mysal edip alanymyzda ellerini ýuwdyrmakda, naharlamakda, geýim-gejimlerini çalşyrmakda we şuňa meňzeş köp ýerlerde çaga ýa özi etmek isleýär ýa-da bolmasa etmeklikden boýun gaçyrýar. Bu purstlardan baş alyp çykylmaklyk bolsa ata-enäniň ukyplylygyna, parasatlylygyna, çaga terbiýesi barada maglumatlaryna bagly bolýar. Çaganyň aň-düşünjesi ösdügiçe özbaşdaklyga bolan höwes artýar. Köplenç gynansakda “sen oňarmarsyň, beýtme, elleme, döwersiň…” sözleri bilen çaganyň özbaşdaklyk düşünjesiniň ösmeginiň öňini alýarys. Bu bolsa gelejekde çagalarymyzyň özbaşdak bir zat etmekde kararsyz galmaklaryna, çekinjeňlige we birine, birzatlara bagly bolup ýaşamaklygyna getirýär. Meselem bir binanyň berkligi, daýanyklylygy onuň zemininiň berk, kuwwatly, daýanyklylygyna bagly boluşy ýaly çaganyňam gelejegi onuň kiçiliginden alan we gören tebiýesine baglydyr. Şonuň üçin ata-eneler çagalaryň özbaşdaklygyny goldamalydyrlar. Olaryň özbaşdaklygy özüne zyýan bermedigiçe çäklendirilmeli däldir. Meselem köp çagalar gyzgyn çaýly çäýnek bilen oýnamak islär, ony özbaşdak barlap görmekçi bolar. Eger biz ony şol wagt gaharlanyp, gohlap bundan gaça duruzmak islesek, birä çagada gorky düşünjesiniň güýçlenmegine we bilesigeljilik duýgusynada ýalňyş täsirimizi ýetirdigimiz bolar. Bu ýagdaýda biz onuň elinden tutup çaga zyýan ýetmez ýaly elini degirip, görkezmeli we bu hereketi bir gezek edip ögrendi diýip pikir etmeli däl. Çaga gyzgyn çaýly çäýnegi näçe gezek oýnamaga meyil etse, siz ýene bu hereketi gaýtalamaly. Bu ýagdaýda çaganyň gyzgyn çaýly çäýnek bilen bagly bilesigeljilik, barlap görme duýgusy kanagatlanar we ol ony gyzyklandyrmaz. Eger biz munuň tersine etsek çaga çäýnekden gorkar ýa-da siziň görmeýän pursadyňyzda ony barlap görmekçi bolar. Siz indi pikirleniň! Siziň çäýnek meselesindäki haýsy herekediňiz çagaňyz we özüňiz üçin peýdaly? Bu ýagdaý biziň gündelik durmuşymyzdan bir kiçijik mysaldyr. Her bir ata-ene çagasynyň özbaşdaklygynda hem özi, hem çagasy üçin peýdaly çözgüt ýollaryny tapmagy başarmalydyr. Bu bolsa biziň çaga terbiýesinde köp zady ögrenmelidigimize, sabyrly, parasatly bolmalydygymyzy görkezýär. Çaga bir ösümlikdir ony nähili ýetişdirseň şoňa göräde gül açar.

NÄME ÜÇIN ÇAGALAR AÝDYLANLARY DIŇLEMEÝÄRLER ?

Psihologlar çagalaryň özdiýenli we gulakasyjy bolmaýyşlarynyň asyl sebäbi olaryň özlerine üns berdirmek islegleriniň ýokary bolandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Eger çagalar aşa garagol we aýdylanlary diňlemeýän bolsalar, diýmek ata-eneleriň olar bilen az wagt geçirýändikleri bilen berk baglanyşyklydyr. Meselem çagalar özleri bir oýunjak ýa-da bir zatlar bilen gümra bolýan wagtlary ene-atalaryda öz işleri bilen meşgul bolýarlar. Eger-de çagalar ýaramazlyk, tertipsizlik, etmeli däl bir iş edäýseler welin ene-atalar tizden olara temmi bermek üçin gyzyklanyp başlaýarlar. Şeýlelikde, çagalar ata-eneleriniň ünsini çekmek üçin şeýle işler etmelidigini pikir edip, başlaýarlar. Hormatly ata-eneler göz ýetirýän bolsaňyz çagalaryň ýaramaz häsiýetlerem, gowy häsiýetlerem göniden-göni size bagly bolýandyr. Eger siz çagalarymyzyň her bir edýän kiçijegem bolsa gowy häsiýetlerine, işlerine, oýunjyklaryna üns berip, olary wagtynda söýgi, mähir bilen gurşap alsaňyz, olar özlerine üns berdirmegiň ýollaryny gözlemezler. Maşgala agzalary özaralarynda mylaýym gürleşmelidirler. Hiç bir ýagdaýda çagalaryň ýanynda biri-birleri bilen gaharlanyşmaly däldirler we maşgala meselelerini olaryň ýok wagtynda maslahatlaşmalydyrlar.

ÇAGALARYŇ ÖZLERINE BOLAN YNAMYŇ ÇEŞMESI NÄMEDIR?

Çagalar öz hossarlarynyň goragyndadygyny duýup bilmeseler, olaryň özlerine ynam duýgularynda kemçilikler ýüze çykýar. Sebäbi bu iki duygy biri-birleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ýagny daş-töweregine bolan ynamy we özüne bolan ynamy azalýar. Bu bolsa olaryň kimdir birilerinden, birzatlardan gorkup ýaşamaklygyna getirýär we hemişe özlerine kemsidilme göz bilen seredilýändir diýen pikiri bolýar.

Has giňişleýin aýdanymyzda bolsa, çagalara sosyal sredalar-da öz täsirini ýetirýär. Meselem çagalar baglary, gezelenje giden ýerleri, daş-töwerekde oýun oýnaýan ýerleri wagytlaýyn bolanlygy üçin belli bir ölçegde täsir edýär, ýöne maşgaladaky ýaly dowamly däldir. Şol sebäplide hossarlar çagalaryna gaharlanman, tersine olary ünsli diňläp, berýän soraglarynada jogap berip, hemişe olary goldaýandyklaryny görkezmegi başarmaly. Bu bolsa çagalaryň özüne bolan ynamyny güýçlendirýär.

ÇAGALARDA ÖZBAŞDAK HEREKET ETME ENDIGI

Çagalarda özbaşdak hereket edip bilme endiginiň bolmagy gowy ýagdaýdyr. Meselem oýnamagy, geýimlerini geýmegi we şuňa meňzeş işleri özbaşdak başarmalydyr.Her bir ata-ene çagalarynyň özbaşdak hereketler, oýunlar, işler etmegi üçin mümkinçilikler döretmelidirler. Ýagny çagalaryň özleri sizden kömek sormadyk halatynda, olara goşulyp birahat etmeli däldir. Olara gerekli-gereksiz ýerlerde kömek berip, özbaşdaklyk endikleriniň kämilleşmegine päsgelçilik döretmeli däldir.

Umuman alanymyzda çaga terbiýesi ilki bilen ata-enä baglydyr. Eger ata-eneler öz çagalarynyň edepli, akylly, paýhasly, ýokary derejede aň-düşünjeli, ylymly we psihologiki taýdan sagdyn bolmagyny isleýän bolsalar, onda olar ilki bilen bu ahlak gözellikleriniň özlerinde bolmagyny gazanmalydyrlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s