PEDAGOGYŇ ENE-ATALAR BILEN PIKIR ALYŞMASY

PEDAGOGYŇ ÝAZUW ÜSTI ARKALY ENE-ATALAR BILEN ÇAGASY HAKDA PIKIR ALYŞMASY

Çagalar durmuşynyň kynçylykly pursatlarynda ene-atalarynyň goldawyna hem-de düşünmegine ynamly bolmalydyr. Ene-atalar öz çagalarynyň iň ýakyn hossary bolup, olaryň içki dünýäsiniň ähli çylşyrymlylyklaryna, gapmagarşylyklaryna düşünmelidirler. Hut, şu esasda-da çagalary bilen özara gatnaşyklaryny guramalydyrlar.

Okuwçylaryň okuwa ýaramaz ýetişmekleriniň, tertipsizliginiň sebäplerine gowy düşünmek üçin maşgalada çagasynyň özüni alyp barşy dogrusynda pedagog psiholog ata-eneleriň pikirlerini bilmeli.

 

Munuň üçin ýörite ýazuw üsti bilen pikir alyşmalar geçirilýär. Çagada şu aşakda beýan ediljek häsiýetler barmy ýa-da ýok, oňa ata-eneler birin-birin jogap berýärler:

  • ýerine ýetirijilik we gulak asyjylyk;
  • ene-atalaryň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek;
  • özüni öýde nähili alyp barýar;
  • ene-atalaryna, ýakynlaryna eserdeňlik we rehimlilik, zähmetsöýerlik etmek;
  • hossarlary, ýakynlary bilen gatnaşyklarda sadalyk hem-de salyhatlylyk, özgelere tankydy göz bilen garamak;
  • öz-özüňi tankyt etmek;
  • öý işlerini ýerine ýetirmäge bolan gatnaşyk;
  • jemgyýetçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge bolan gatnaşyk;
  • çaganyň öz synpyna, mekdebine bolan gatnaşygy.

Pikir alyşmanyň netijeleri maşgalada çaganyň özüni alyp barşyny, onuň okuwa bolan gatnaşygyny, ýaramaz ýetişmeginiň, tertipsizliginiň sebäplerini seljermäge kömek edýär. Çagada özüni alyp barmagy, okuwa gatnaşygy düzetmäge mugallyma, mekdep psihologyna, ata-enelere uly mümkinçilik berýär.

Maşgala terbiýesinde gabat gelýän ýagdaýlar:

  • Käbir ene-ata dartgynly duýgularyny (nerw ýagdaýlaryny) çaga bolan gatnaşykda köşeşdirjek bolýar. Aglaba halatda gykylyga hem-de fiziki täsire geçýärler. Çagalary diňe öz gözegçiliklerinde saklap, olaryň howuny basýarlar.
  • Ene-atalar öz kemçiliklerini görmän, saýgaryp-seljermän, özlerine körekörlük bilen öýkünýän, öz günälerine düşünmeýän çagalarda şu zeýilli kemçilikleriň ýok edilmegini talap edýärler.
  • Ene-atalaryň käbiri dilinde bir zat diýýär, durmuşda başga hili hereket edýär. Netijede bolsa, çagalaryň oý-pikirlerini petige diredýärler.
  • Ene-atalar çagalar bilen syr alşyp-berişmän, ynamly hem-de mähirli gatnaşyklary ýola goýup bilmezler.

adolescence adorable blur child

Şu ýagdaýlarda terbiýäniň bozulmagynyň esasy çelgilerini şeýle sanaw etmek bolar:

  • çagalaryň içki dünýäleriniň özboluşlylygyna düşünmek;
  • çagalaryň diňe özüne mahsus özboluşlylyklarynyň hasaba alynmazlygy.
  • ene-atalaryň çeýe bolmazlygy;
  • çagalaryň durmuşynyň dürli döwürlerinde olar bilen gatnaşyklaryň deň ýagdaýda bolmazlygy;
  • çagalar bilen gatnaşykda yzygiderliligiň bolmazlygy;
  • ene-atalaryň arasyndaky gatnaşyklarda ylalaşylmazlygy;
  • göçgünliligiň, ýagny gyzmalygyň, nägileligiň, gorkynyň, ynjalyksyzlygyň döremegi;
  • howsalalylyk;
  • dominantlyk çagalaryň doly tabynlygy;
  • gipersosiallyk çaganyň özüne mahsuslyklaryny (indiwiduallyklaryny) hasaba almazlyk;
  • çagalaryň mümkinçiliklerine ynanmazlyk;
  • eserdeň bolmazlyk;
  • gapma-garşylyk.

 

Bu seljerme maşgala terbiýesiniň dogry ýa-da nädogry ugra gönükdirilendigini anyklamaga mümkinçilik berýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s