ÇAGALARYŇ KOMPÝUTERI KÖP ULANMAGY

KÖP WAGTLAP KOMPÝUTER ULANMAGYŇ SAGLYGA ÝETIRÝÄN ZEPERLERI.

Fiziki täsirleri

Çaga, ýetginjek kompýuter ulanýarka dogry we dürs otyrmalydygyny bilmän, gözleri ekrana çüýlenip, eginleri öňe epilip, elleri klawiatura ýa-da syçanjygyň üstünde bolup, sagatlap kompýuteriň başynda wagt geçirýär. Soňunda gözlerde gamaşma, ýaşarma, bulaşyk görüp başlamalar başlaýar, bil, boýun myşsalarda agyry we gatylaşma, eginde, elde ysmazlyk, umumy beden ýadawlygy ýaly arza-şikaýatlar ýüze çykyp başlaýar. Aýratynda çagalarda bedeniň hereketsiz galmagy sebäpli agramynda artykmaçlyk ýüze çykyp başlaýar, oňurgada daýanç dokumalarynyň bozulmagy, radioaktiw tolkunlaryň, ultra şöhleleriň içinde galýanlygy sebäpli üýtgeşik kesellere duçar bolup biler. Dünýä saglyk guramasy jübi telefonlaryň rak we beýnide çişleriň döremegine getirýändigini 2007-nji ýylda subut etdiler.

Edilen ylmy gözleglerde 12 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň düýbünden jübi telefonyny ulanmaly däldigini nygtap-nygtap belläp geçýärler; 13-20 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň bolsa diňe gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda ulanmalydygyny maşgalalaryna duýduryş berýärler.

Ruhy täsirleri

Çaga, ýetginjek gijäniň giç sagatlarynda ýeterlik derejede uklaman, okuwa gidip-gelmegi we özüni dowamly ýadaw duýmagy, tiz gaharlanyp, ruhy çökgün bolup, gamgyn halda bolýar. Çaga munuň bilen bilelikde gorkyly, gaýgyly gezip başlaýar, we duýgylaryna erk edip bilmän başlaýar.

pokemon-pokemon-go-phone-game-159395.jpegBEÝHUŞLYK NETIJESI

Kompýuterden aýrylyp bilmeýän çagada gepleşige geçmekde kynçylyk, ünssizlik, ünsüni bir ýere jemläp bilmezlikde, özüne ynamlylygynda kemçilik, okuwynda bahalarynyň peselmegi, döredijiligiň azalmasy, okamaga höwessizlik ýaly ters netijelere gabat gelinip biler. Okuwda wagty hem bar pikiri öýdäki kompýeterde bolany sebäpli okuwda kompýuter bilen hyýallar gurup, ünsüni sowýar, esasanam erkek çagalar kompýuterde oýun oýnap, gazanç edip biljekdiklerine bil baglaýarlar. Bu ýagdaýlardan soňra ene-ata bilen çaganyň mugallymynyň görüşmelerinde çaganyň kän kitap okamaýandygyny, çaganyň özüni beýleki adamlar bilen gatnaşyga ýol açyp bilmeýändigini, çagasyny çagyrýan mahaly ondan jogap almaýandygyny, çagasynyň derslerine taýýarlanmak islemeýändigini, çagasyna ulalanda kim boljakdygyny soranda kompýuter oýunlaryny bilen bagly işlerde işläsi gelýändigi hakyndaky jogaby alýandygyny aýtýarlar.

ÖZÜNI ALYP BARŞYNDAKY ÜÝTGEMELER

Çaga, ýetginjek jübi telefony, planşet, kompýutere baglylygy sebäpli daş-töwereginden gelýän garaýşlara we duýdyryşlara sezewar bolýarlar. Isleýşi ýaly bu enjamlara bolan gyzyklanmasyny soňlandyrmak isleýärler ýöne, bu enjamlary ulanmagy özlerine endik edenleri sebäpli olardan aňsat aýyrlmagy başarmaýarlar. Çaga mekdebe-de gidesi gelmän, etmeli işlerini köplenç ertä goýup gijikdirmegi, internetden başga zatlara gyzyklanma duýmazlygy, güýç ulanmak, paýyş sözleri ulanyp başlamagy, jynsy gatnaşyk bilen wagtyndan ir tanyşyp başlamagy, keleçaýlyk, ýeňil kellelik, ýerliksiz soraglar sorap başlamagy, sowalga pullary gereksiz ýerlere haryçlamagy ýüze çykyp başlaýar.

facebook application icon

SOSIÝAL TÄSIRI

Çaga, ýetginjek hyýaly dünýäni hakyky dünýä bilen garyşdyrýandygy üçin, maşgalasyna gerekli wagt sarp etmeýär, maşgalasy bilen gatnaşyk baglarynyň gowşamagy, jemgyýet bilen gatnaşygynyň azalmagy, sportdan uzaklaşmagy, daşarda gezim etmäge ymtylmazlygy, deň-duşlary bilen dine kompýuterdir internet hakynda gürrüňdeş bolmagy, jübi telefony, planşet, kompýuter ulanyp bilmegi üçin maşgalasyny we töweregindäkileri aldap başlamagy, elindäki mümkinçilikler alynsa okuwa gitmegine derek internet kafelere gidip başlaýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s