Dünýäniň iň täsin bilim ulgamy Finlandiýa

Hemmämiziň bilşimiz ýaly ýaşaýan asrymyz Maglumat(bilim) we Tehnologiýä döwrüdir. Maglumat we tehnologiýanyň okgunly ýagdayda ösýän hemde özgerýän döwründe, täze maglumatlary döredýän we dogry ulanýan jemgyýetler, maglumatlary diňeje tüketmek bilen gyzyklanýan halklara garaňda hem ykdysat taýdan hemde halkyň gurply, eşretli we abadançylykda ýaşamaklary tarapdan has öňde durýandyklaryny görmek mümkindir. Bilim ulgamynda täze açylyşlar etmek we döwrümiziň özgerýän tehnologiýä ösüşlerden habarly bolup ýaşamaklary göniden göni şol döwletiň yaş nesilleriniň alýan bilimlerine we olara berilýän ähmiýete baglydyr.

Birnäçe ösen döwletleriň arasynda Finlandiýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýä, Singapur, Angliýa we Hytaý bilim ulgamy bilen öňe saýlanýan döwletleriň hatarynda hasaplanýar. Bu döwletleriň arasynda Finlandiýä soňky 20 ýylyň dowamynda bilim ulgamynda eden özüne mahsus aýratyn başarnyklary bilen bütindünýä halklarynyň ünsüni öz üstüne çekmegi başardy. Bugün bolsa Finlandiýä “Dünýäniň iň täsin bilim ulgamy” ady  bilen tanalýar.

Halkara okuwçylaryň bilim derejelerini ölçeýän testi PISA, dürli döwletdäki okuwçylaryň bilim derejelerini ölçemek üçin 3 ýylda bir gezek geçirilýär we ortaça 70 döwletde ýöredilýär. Bu test okuwçylaryň üç ugurdan, ýagny okamak, matematika we bilim (himiýa,fizika,biologiýa) taýdan ukyplaryny hemde başarnyklaryny ölçeýär. Bu testiň netijelerine göre Finlandiýa döwletindäki okuwçylar köplenç halatda ilkinji ýerlerde öz orunlaryny almagy başarýarlar. Elbetde bu hadysa, bilim taýdan öňde barýan beýleki Amerika, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň ünsüni öz üstüne çekýär.

Finlandiýa döwletinde okaýan okuwçylaryň üstünlikleriniň aňyrsynda ýatan esasy sebäbiň haýsy aýratynlyklara baglydygny öwrenmek üçin birnäçe ösen ýurtlaryň abraýly bilim işgärleri Finlandiýa bilim müdürlikleri bilen gürrüňdeşlik geçirýärler. Bu gürrüňdeşlikleriň mazmunlaryna seredeňde iň täsirli we giňişleýin garaýşy Amerikadan baran toparyň jemläp aýdýanlarynda görmek mümkindir.

Ol topar Finlandiýa döwletiniň bilim ministeri bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlik geçirýär we iň ýönekeý sorag soraýarlar. ”Bütin dünýäde geçirilýän ylmy barlaglarda siziň okuwçylaryňyzyň başarnykly bolmaklarynyň esasy sebäpleri näme?”. Finlandiýa bilim ministeri bu topara şeýleräk jagop berýär.” Bu üstünligiň aňyrsynda elbetde bir däl birnäçe aýratynlyklar ýatyr. Emma öňi bilen bellemeli üç ýagdaý beýleki aýratynlyklary hem öz içinde jemleýär.

  • Bularyň ilkinjisi ökde, höwesli we özlerini bilim taýdan doly özleşdiren mugallymlar.
  • Ikinji bilen ýeňilleşdirilen okuw meýilnamalary.
  • Üçünji sebäp bolsa BAHA ýok, SYNAG ýok, BASYŞ yok, ýagny okuwçylaryň arasynda bäsdeşlik ýok.” diýip jogap berýär.

Hakykatdan-da bu sistemanyň başarnykly bolmagynyň esasy aýratynlyklaryna sereden wagtyň aslynda biziň şaýat bolýanlarymyzdan üýgeşik däl.

Ilki bellemli zat Finlandiýada bilim tölegsiz, mekdepleriň ähli okuw ätiýaçlyklary we döwrebap tehnologiýä enjamlary degişli şäher häkimlikleri tarapyndan üpjün edilýär. Döwlet tarapyndan bilim üçin bölünip aýrylan býujetiň köp göterimi synplary abatlamak we okuwçylara sapaklarda gerekli enjamlary almak üçin ulanylýar.

Mekdebe gatnaýan okuwçylar okuwa gelen badyna synplara girmezden öň aýakgaplaryny, ädiklerini we possunlaryny çykarýarlar. Çagalaryň eýwanlarda hemde synplarda jorap bilen gezmekleri iň üns çekýän aýratynlyklaryň biridir. Beýle etmek bilen gyş möwsüminde ýagynly howalarda aýaklaryna ýapyşan palçyk hemde gar bölejiklerini synpa getirmeýärler. Iň esasy zat bolsa çagalar özlerini öýlerinde ýaly duýýarlar.

Okuwçylar sapaklarda üýtgeşik oýunlar bilen gyzyklanýarlar, sapak möhletleri gysga, 1 günüň dowamynda ortaça 4 ders okaýarlar we arakesmeler 15 minutdan ybarat. Uzyn arakesme bolsa 45 minut dowam edýär. Okuwçylar 45 minut okuw meýdançasynda oýun oýnaýarlar. Köplenç howa ýagdaýynyň sowuk ýada ýagynly bolmagy çagalaryň oýun oýnamaklaryna päsgel bermeýär. Sebäbi ýagynly howalar Finlandiýaly halk üçin adaty ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Garly howalarda hem howluda oýnamak üçin egin eşikleri taýýar edilen.

6-nji synpa çenli düýbünden baha ýok, synag alynmaýar, okuwçylara basyş edilmeýär, öý işi tabşyrylmaýar ýada az mukdarda öý işi berilýär we ol tabşyryklar hem köplenç el başarjaňlyklaryny kämilleşdirjek işlerden ybarat bolýar, bir-birleri arasynda bäsdeşlik duýgusy iterilmeýär we orta mekdebi gutarýançalar hiçhili synag tabşyrmaýarlar. Okuwçylary öz arasynda başarjaň ýada ýalta okuwçylar diýen ýaly toparlara bölmek düýpgöter gadagan edilen. Çagalary bir-birleri bilen deňeşdirmegiň nädogry garaýyş bolýandygyny ündeýärler. Ýörite talap edilýän mejbury mekdep egin-eşik düzgüni ýok.

Bulardan başgada hususy mekdepler ýok we mekdepleriň hemmesi döwletiň garamagynda. Herkim öz ýaşaýan öýüne iň ýakyn mekdebe gatnaýar. Çagalar ilkinji okuwa 7 ýaşynda başlaýarlar. Mekdebe käbirleri piýada gidýän bolsalaram köpüsi tigir bilen gatnaýarlar. Ýagny üýtgeşik ulag ulanmaýarlar. Okuwçylaryň okuwa gatnaýan ýollarynda bütin aladalar edilen, ýodalar abadanlaşdyrylan we hemme howpsuzlyk ýagdaýlary üpjin edilen. Okuwçylar mekdepden giç gaýtmaly bolan ýagdaýlarynda-da ýörite awatlanan ýodalardan çekinmän ýalňyz başlaryna öýlerine gaýdyp bilýärler.

Okuw meýilnamasy  ýeňilleşdirilen. Elbetde hemme okuwçy okamak, ýazmak we matematika ýaly esasy sapaklaryny özleşdirmekleri talap edilýär. Emma islendik ukypdaky çagalara görä has indiwidual, şahsy talant we isleglerine bagly 6-nji synpdan soň öz başarjaňlyk ýagdaýlaryna görä goşmaça meýletinleşdirilen sapak saýlap bilýärler. Okuwçylar orta mekdebi tamamlanyndan soňra bir gezeklik barlag synaglaryndan geçýärler.

Beýleki bilim hyzmatlarynda bolşy ýaly günortanlyk naharlary hem döwlet tarapyndan üpjin edilýär. Bu ýerde esasy bellemi zat mugallymlar okuwçylar bilen bilelikde nahar iýýärler. Iýjek naharlarynyň görnüşine we möçberine okuwçylaryň özleri karar berýärler. Nahardan soň günortan nahary bolmagyna garamazdan hökmany ýagdaýda çagalara süt paýlanýar.

  Umumy ýokarky aýdylanlardan daşary, Finlandiýa bilim ulgamynyň başarnykly bolmagynyň iň öňe çykýän möhüm sebäbi kämil we ökde mugallymlardyr. 

Finlandiýada mugallym bolup işlemek uly abraý hasaplanýar we bu ugurda işe girmek diýseň kyn. Munuň sebäbi bu käre eýe bolmak üçin ýokary okuw jaýlaryny tamamlamak ýetmeýär. Goşmaça magistratura ýaly derejeleri almaklyk talap edilýär. Mugallym bolup işe başlamak üçin ýörite geçirilýän synaglara gatnaşýarlar. Ortaça hasap bilen synaga gatnaşan on adamdan biri bu käre başlamak üçin hak gazanýar. Sebäbi mugallymlaryň derejelerini kesgitlemek üçin düzülen ýörite topar bar we synagdan soň gürrüňdeşlik arkaly synag alýarlar. Beýle diýmek uniwersitet we magistirlik diplomyňda alan ýokary bahalaryňa garamazdan, gürrüňdeşlik boýunça berilen soraglara kanagatlanarly jogap bermegiň has kesgitleýji ýagdaý bolup durýar. Wezipesine başlan mugallymlar derslerde okatjak kitaplaryny özleri saýlaýarlar. Mugallymlara okuw meýilnamalaryny öz isleglerine görä düzmäge mümkinçilik berilen.

Finlandiýada birnäçe abraýly we gurply senagatçylar, ykdysadyýetçiler hem telekeçiler özara seminarlar geçiren wagtlary hökmany suratda bilim temasyny hem giňden agzap geçýärler. Hatda öz pikirlerini şeýle beýan edýärler: “Her döwletde bolşy ýaly biziň hem hususy bazar ykdysadyýetimizde bäsdeşlik duýgusy öz güýjüni doly görkezýär. Bu tebigy bir ýagdaýdyr. Emma biziň başlangyç we orta bilim ojaklarymyzda çagalaryň arasynda bäsdeşlik duýgusy öňe çykarylman olaryň ukuplaryna göre öwretmek we bu ideýany agzap durmak biziň zerury borçlarymyzyň biridir. Biz çagalarymyzy ussat mugallymlara tabşyrdyk. Ýagny bilimi çagalara öwredýän halypalara ynandyk. Biziň çagalarmyzyň eýe boljak üstünlikleri Finlandiýä döwletiniň medeniýetine diýseň uly goşantdyr”.

 

 

 

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s