MAŞGALA

    Maşgala – her bir adamyň dünýäde iň eziz we mukaddes görýän ýeri bolan öýi – ojagy. Şeýle-de, maşgala adamyň şahsyýetiniň, medeniýetiniň, işjeňliginiň ýüze çykýan, kemala gelýän ýeri bolup durýar. Maşgala geljekki nesliň edep-terbiýe, görüm-görelde gözbaşydyr.

Maşgala gurmak barada arzuw edýän ýaş juwanlar ýa-da, başgaça aýdanyňda, ýigit bilen gyz durmuş meselesinde iň süýji arzuw-höweslere beslenýärler. Olar maşgala gurup, bir jan – bir ten bolup ýaşamagy, ýaşaýşyň hözirini, lezzetini duýmagy, perzentlerini dünýä indirip, olary kemally adamlar edip ýetişdirmegi maksat edinýärler. Şonuň üçin, maşgala gurmak baradaky pikir, duýgy adamlaryň iň bir çuňňur ynsanperwerlik aň-düşünjeleri bilen berk baglanyşykly bolup durýar.blur-book-close-up-288008

Maşgala gurmak meselesi adamyň iň ähmiýetli we jogapkärli wezipesi hökmünde öz gözbaşyny döwürlerden alyp gaýdýar. Maşgala durmuşy her bir halkyň ruhy-ahlak kadalaryna, edep-ekramyna, medeniýetine görä, özboluşly aýratynlyklara eýe bolýar. Türkmen halkynyň hem öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan özboluşly maşgala gurluşy, maşgala durmuşy bar.

Maşgalada kimiň özüni nähili alyp barmalydygy, maşgalanyň agzybirligini nädip berkitmelidigi barada öňden gelýän birnäçe edep-ekram kadalary, pikir-düşünjeler, öwüt-ündewler, durmuş tejribesi biziň halkymyzda ýeterlikdir. Halk içinde kemala gelen şol asylly ýol-ýörelgelere eýerýän maşgalalarda agzybirlik hem, bagt hem hemişelik mesgen tutýar. Türkmen maşgalasynda är-aýalyň özara düşünişmegi, sylaşygy esasynda, hersiniň öz mertebesi, hormat-sarpasy belent tutulýar.

Äri aýalyny eziz ýanýoldaşy, öýüniň nur çyragy, çagalarynyň käbesi, maşgalanyň görki-görmegi hasaplasa, aýaly ärini ýalňyz söýen ýary, arkadagy, çagalarynyň kyblasy, maşgalanyň howandary saýýar. Şu mukaddes gatnaşyklar hem halkyň asyrlar boýy kemala getiren maşgala durmuşynyň berkligini saklaýan kadalardyr. Şeýle maşgalada agzybirlik, döwletrysgal barha berkemek, artmak bilen bolýar. Bu maşgaladan çykan perzentler ilhalar adamlar bolup ýetişýärler. Şeýle maşgalada ýaşaýan är-aýalyň mydama ýüzünden nur ýagyp durýar, olar hemişe juwan hem mähriban görünýärler.

Türkmen halkyna mahsus bolan sabyrlylyk, geçirimlilik, wepalylyk, edephaýalylyk ýaly häsiýetler hem maşgalany, är-aýal gatnaşyklaryny berkidýän möhüm häsiýetlerdir.

Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti diýseň uludyr. Ol ýaşlara edep-terbiýe berip, ony durmuş ýoluna salýar, jemgyýet bilen ysnyşdyrýar. Maşgala adamlara ruhy baýlyk ahlak gymmatlyklaryny siňdirýär. Maşgala hemişe onuň hemrasy bolup durýar. Adamyň şahsy bagt we söýgi duýgulary, niýetleri, etsem-goýsamlary, ilkinji nobatda maşgala bilen baglanşykda geçýär.

Maşgala, adam dünýä inenden soňky onuň ilkinji we ömürlik daýanjydyr, onuň terbiýe mekdebidir. Çaganyň mekdebe çenli terbiýesiniň tutuşlygyna maşgala baglydygyny unutmaly däldiris. Çaganyň ruhy we ahlak keşbiniň binýady ilki maşgalada tutulyp, soň mekdepde onuň üs

ti ýetirilýär. Umuman, adamyň doglanyndan tä ölýänçä ömri maşgalada geçýär. Maşgala onuň üçin mukaddes bolmalydyr. Ol nirä gitse-de, ýene maşgala uçrar. Onuň ömri, üstünligi, ýetmezçiligi maşgalada geçýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s