Her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy, ene-atanyň çagalarynyň, il-gününiň öňündäki borjy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda maşgalada goýulýar.

Maşgalada goýulýan ilkinji esas çaganyň terbiýesinde ägirt uly rol oýnaýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemme taraplaýyn sagdyn, halal-päkize nesil ýetişýär.

Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanşyklylygy talap etse, ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola salmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik zerur. Ýadaman, ýaltanman şol ugurda göreşmeli, irginsiz zähmet çekmeli. “Zähmet soňy rehnet” diýilişi ýaly, seniň azabyň soňy netijeli bolýar, eşretli durmuşa gözüň düşýär. Nesil terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlermizden bize galan uly baýlyk, taýsyz sowgat bolmakdan ötri, biziň her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar.

Her bir jemgyýet, şol jemgyýetde ýaşaýan adamlar, ata-babalardan bize ýeten mirasa, galdyrylan sowgada göz dikip, ondan peýdalanyp oňmaly däl-de, indiki, özünden soňky nesiliň aladasyny etmeli. Özem soňa goýmaly däl, çagalykdan terbiýeläp başlamaly. “Çagany ýaşdan” diýip, ýöne ýere aýdylanok. Ýaşlykda gözüniň göreni gulagynyň eşideni habary, çaga gowy täsir edýär. Terbiýe meselesinde, her bir çaga gezek gelende, onuň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerur. Ýöne, gijä goýman, turuwbaşdan alada etmeli.

Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady (il içinde tutulyşy ýaly aýdanyňda Garry molla) bu barada gaty ýerlikli aýdypdyr. Perzendi okuw ýaşyna ýetende, ata-eneler çagalaryny Garry mollaň huzuryna getirip, “Sünki meňki, eti siziňki” diýip ýüzlenip:

-Şu dogmamyza edep hem bilim beräýseňiz – diýenlerinde, akyldar, dana kişi:

Bilim bereýin, bu bilim almak ýaşyna ýetipdir. Edep meselesinde, gijä galan bolmagyňyzam mümkin, sebäp çaga edep bermek has ir, göwrede galan gününden başlanýar – diýer eken.

Döwletmämmet Azadynyň nygtaýşy ýaly, her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilligi, maşgala ojagyndan başlanýar. Ol terbiýe has netijeli we dowamly bolýar. Döwrüň talabyna, ýaşaýan döwletiň kada-kanunlaryna laýyklykda hereket etmeli. Öňi bilenem, terbiýe meselesinde, maşgalaň güjine, täsirine onuň edýän hereketlerine daýanmaly.  Maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Biz hemişe onuň ýylysyna çoýunmaly, oňa bil baglamaly. Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir.

 

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s